Ï Türkmen-rumyn hökümetara toparynyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-rumyn hökümetara toparynyň mejlisi

view-icon 519
Şu gün türkmen paýtagtynda Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-rumyn toparynyň nobatdaky üçünji mejlisi geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň we Rumyniýanyň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Toparlaryň başlyklary duşuşygy açyp, birek-birege ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejededigini kanagatlanmak bilen bellediler we şu günki mejlisiň ähli ugurlar boýunça giň möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. Rumyniýanyň ykdysadyýet, söwda we işewürlik gurşawy ministri jenap Daniel Kisoýu şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyň oňyn häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen nygtady. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we ony pugtalandyrmagyň geljegi bilen baglanyşykly möhüm meseleler boýunça pikir alşyldy.

Şu günki mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, 2011-nji ýylyň maý aýynda Buharestde geçirilen ikinji mejlisiň maslahatlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Toparyň agzalary geçen döwürde esasy ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň işjeňleşendigini belläp, bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag ulgamlarynda, dokma senagatynda, oba hojalygynda, elektroenergetikada, gurluşykda, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda hem-de ýokary tehnologiýalar babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler. Syýahatçylyk we sport ulgamy hem gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi.

Rumyn tarapyndan toparyň agzalary Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işlemegi üçin örän amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigini belläp, Rumyniýanyň işewürleriniň bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin geljegi uly türkmen bazarynda özleriniň ornuny berkitmäge çalyşýandyklaryny aýtdylar. Wekiliýetiň düzümine dürli ugurlarda işleýän döwlet we hususy kompaniýalaryň 40-a golaýynyň wekilleriniň goşulandygy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň barşynda gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygyň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, toparyň agzalary döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýan medeni, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny bellediler.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi, onda türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalary artdyrmak babatda anyk ädimler öz beýanyny tapdy.

Hökümetara toparynyň işiniň çäklerinde energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň üçünji mejlisi hem geçirildi.