Şu gün Şanhaý institutynyň halkara barlaglar boýunça ylmy komitetiniň başlygy hanym Ýuý Sintýanyň baştutanlygyndaky wekiliýetiň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň birnäçe ministrliklerinde we pudaklaýyn edaralarynda duşuşyklar geçirildi. Bu topar türkmen paýtagtyna düýn sapar bilen geldi.
Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň barşynda myhmanlar biziň ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdşalar, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy ylmy we senagat merkezleri bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.
Biziň ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň möçberlerine haýran galmak bilen, hytaý wekiliýetiniň agzalary özara gyzylanma bildirilýän birnäçe möhüm ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler.
Berk dostluk we özara peýdaly, deňhukukly hyzmatdaşlyk binýadynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň okguny häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Hytaýň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ösüşe eýe bolýandygyny we onuň many-mazmun bilen üstüniň ýetirilýändigini aýtdylar. Häzirki netijeli hyzmatdaşlygyň giň ugurlary, şol sanda ýangyç-energetika, ulag-aragtanaşyk, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ulgamlardaky, ylym we maglumatlar tehnologiýalary ugurlaryndaky gatnaşyklaryň giň gerimi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede geçirilen duşuşyklarda, hususan-da, şu ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna bolan iş saparynyň çäklerinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary hasaba almak bilen, oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge bolan meýiller beýan edildi.
Şeýle hem HHR-iň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda we ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda duşuşyklar geçirildi.
Myhmanlar Aşgabatda bolmagynyň barşynda paýtagtymyzyň gözel ýerleri bilen tanşarlar we Baş milli muzeýe hem-de Türkmen halysynyň muzeýine baryp görerler.