Ï Täze ýadygärlik şaýy pullary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze ýadygärlik şaýy pullary

view-icon 894
Türkmenistanyň Merkezi banky nominaly 50 we 20 manada deň bolan “Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi” atly ýubileý altyn we kümüş şaýy pullaryny çykardy.

Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Başlyklygyna saýlanylmagy döwletara derejesinde, şeýle hem iri sebitleýin we halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýän biziň ýurdumyzyň günsaýyn artýan halkara abraýynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Türkmen döwleti netijeli gatnaşyklar ugruna üýtgewsiz eýermek bilen, dünýäniň ähli ýurtlary bilen açyk we deňhukukly gatnaşyklara gyzyklanma bildirýändigini iş ýüzünde subut edip, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, netijeli gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen täze anyk çemeleşmeleriň başyny başlaýar.



GDA-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistan Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatdaşlyk etmekde toplanan oňyn tejribäni berkitmegi, onuň netijeliligini artdyrmagy özüniň baş maksady hasaplaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz başlyklyk edýän döwründe Arkalaşygyň çäklerinde bar bolan ylalaşyklary amala aşyrmak, şeýle hem hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksatnamalaryny işläp düzmek babatda bilelikde üstünlikli işlemek üçin ähli tagallalary eder. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi mynasybetli ýadygärlik şaýy pullarynyň çykarylmagy ileri tutulýan milli ugurlara, şeýle hem umumy bähbitlere gabat gelýän netijeli gatnaşyklaryň özboluşly nyşanyna öwrüler.



Her biriniň sany 200 nusga deň bolan täze şaýy pullary Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy – Beýik Britaniýanyň “Roýal Mint” zikgehanasynda ýasaldy. Şaýy pullaryň ikisiniň hem ýüz tarapynyň merkezinde GDA-nyň resmi nyşanlarynyň biri bolan Arkalaşygyň agza ýurtlarynyň nyşany, ondan aşakda “Elli manat” we “Ýigrimi manat” diýen ýazgylar ýerleşdirilipdir. Şaýy pullaryň töwereginde “2012 ýyldaTürkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi” diýen ýazgy bar.

Şaýy pullaryň arka ýüzüniň merkezinde, däbe görä, Türkmenistanyň Döwlet tugrasy ýerleşdirilipdir we “Türkmenistanyň Merkezi banky” diýen ýazgy, aşaky böleginde bugdaýyň sünbülleri ýerleşdirilipdir.

Altyn şaýy pullaryň diametri 38,61 mm bolup, agramy 39,94 grama barabardyr. Olary örän ýokary mähegi – 916,7 tapawutlandyrýar. Kümüş şaýy pullar 925 mähege deň bolan kümüşden ýasaldy. Olaryň agramy, şol bir diametrde bolup, 28,28 grama deňdir. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň olara goşulýan sertifikaty şaýy pullaryň “pruf” hilini kepillendirýär.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gymmatly numizmatiki toplumynyň üstüni ýetiren gymmatlyklar ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köp sanly pul ýygnaýjylary üçin ajaýyp sowgat bolar.