Türkmenistanyň Prezidenti Buýrugyna laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dördünji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň ýolbaşçylygyndaky topar 2012-nji ýylyň 6-7-nji sentýabry aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde gulluk iş saparynda bolar.