Ï Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşyk

view-icon 637
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Tailand Patyşalygynyň daşary işler ministri jenap Jullapong Nonsriçainiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen döwletiniň amala aşyrýan durmuş ugurly içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji daşary syýasat strategiýasy bilen tanyşdyryldy. Oňyn bitaraplyk we dünýäniň ähli ýurtlary bilen giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýörelgeleri şol strategiýanyň esasyny düzýär.

Tailand wekiliýetiniň agzalary biziň ýurdumyzyň ähli künjeklerinde amala aşyrylýan we döwlet ösüşiniň ähli ugurlaryny gurşap alan ägirt uly özgertmelere haýran galýandyklaryny aýdyp, ähli ugurlarda, şol sanda ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda, oba hojalygynda, syýahatçylykda we beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk üçin bar bolan uly mümkinçilikleri we toplanan tejribäni nazara almak bilen, Tailand Patyşalygynyň Türkmenistan bilen oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny bellediler.

Şeýle hem iki dostlukly ýurduň daşary syýasat edaralarynyň gatnaşyklarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýyl iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy bellenilip geçiler.

Garaşylyşy ýaly, dostlukly ýurduň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde hem duşuşyk geçiriler, myhmanlar Türkmenistanyň we Tailand Patyşalygynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan konserte gatnaşarlar, şeýle hem ýurdumyzyň ajaýyp ýerleri bilen tanşarlar, Halkara atçylyk sport toplumyna, Baş milli muzeýine we Türkmen halysynyň muzeýine baryp görerler.