Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde «Türkmenistanyň energetika senagatyny ösdürmegiň esasy ugurlary» atly halkara sergisi öz işini tamamlady. Ýurdumyzyň Energetika ministrligi bilen Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guran bu sergisiniň çäklerinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň energetika senagatynyň köp sanly wekillerini ýygnan we bu ulgama degişli meseleleri gyzyklanma bilen ara alyp maslahatlaşmaga ýardam eden maslahat hem geçirildi.
Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan energetika senagaty häzirki wagtda durnukly ýokary ösüşleri görkezmek bilen, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini mundan beýläk-de giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça ägirt uly geljege eýedir. Biziň ýurdumyzda bu ulgamda sebitleýin we halkara derejesindäki hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Muny şu gezekki geçirilen halkara energetika forumy hem bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Onda üç günüň dowamynda biziň ýurdumyzyň ägirt uly energetika kuwwatlyklary, pudagyň düzümleriniň aýratynlyklary, iň öňdebaryjy täze tehnologiýalaryň, nou-haularyň ulanylmagyny hasaba almak bilen ony döwrebaplyşdyrmak, giň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, daşary ýurt işewürleri üçin oňyn maýa goýum ýagaýynyň döredilişi we köp beýleki meseleler hakynda hemmetaraplaýyn maglumatlary almaga mümkinçilik döredildi.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe biziň ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň okgunly döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy netijesinde esasy pudaklaryň, şol sanda energetika senagatynyň kuwwatly böküşini üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Häzirki wagtda türkmen elektroenergetikasy ösüşiň ýokary depginlerini görkezýär we dünýä bazarynyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrýar.
Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gysga wagtyň içinde gurlan kuwwatly elektrik beketleri we täze elektrik geçiriji ulgamlar pudagyň kuwwatlyklaryny birnäçe esse artdyrdy. Bu bolsa diňe bir ýurdumyzyň sarp edijilerini bekdençsiz üpjün etmek bilen çäklenmän, türkmen energiýasyny goňşy ýurtlara, şol sanda Eýrana we Owganystana ýeterlik derejede ibermäge mümkinçilik berýär.
Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmekde giň halkara hyzmatdaşlygyny ugur edinip, häzirki wagtda özüni örän ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Bu diňe bir Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwatlyklary bilen däl-de, eýsem, türkmen Lideriniň daşary ýurt maýasyny goýmak üçin ajaýyp şertleri döreden üstünlikli parahat söýüjilikli syýasatynyň netijesidir.
Dünýä ykdysadyýeti üçin örän möhüm pudak bolan bu ulgamda doly derejeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça başlangyçlary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek maksady bilen amala aşyrylýan anyk işlere aýratyn orun degişlidir.
Maslahata dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň pudaklaýyn edaralarynyň we kärhanalarynyň 70-den gowragynyň, şol sanda ABŞ-dan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Ukrainadan, Hindistandan we beýleki onlarça ýurtlardan wekilleriň bu maslahata gatnaşandygy dünýäniň energetika bileleşiginiň geljegi uly we okgunly ösýän türkmen bazaryna gyzyklanmasynyň uludygyny görkezýär.
Biziň ýurdumyzyň energetika pudagynyň ägirt uly mümkinçilikleri, onuň ösüş aýratynlyklary, şeýle hem gazananlary hem-de üstünlikleri Energetika ministrliginiň we pudaklaýyn edaralaryň, bu ulgamyň iri kärhanalarynyň sergi bölümlerinde görkezildi.
Ýurdumyzyň öňdebaryjy kärhanalary bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň «Jeneral elektrik», «Siemens», «Alston» , «Setstroýserwis», «Russkiý registr», «DIAMEH» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet, «Elektroizolit» ýapyk paýdarlar jemgyýeti, «Uralskiý zawod transformatornyh tehnologiý» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti Söwda öýi, «Global Insuleýtor» (Russiýa Federasiýasy), «Çalyk enerji» we beýlekiler ýaly daşary ýurtlaryň meşhur kompaniýalary öz mümkinçiliklerini görkezdiler.
Maslahatyň işlän günlerinde oňa gatnaşyjylar halkara telekeçiligi we daşary ýurt maýasy örän ygtybarly kanunçylyk binýady bilen höweslendirilýän ýurt bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirdiler. Daşary ýurt hyzmatdaşlary türkmen energetika konsernleri we korporasiýalary bilen gatnaşyklary pugtalandyryp, öz häzirki zaman enjamlaryny we tehnologiýalaryny, hyzmatlaryny hödürlemek bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe pudagyň öňünde goýan iri möçberli wezipelerini durmuşa geçirmäge öz goşantlaryny goşýarlar.
Şeýlelikde, bu sergi we maslahat energiýa serişdeleri, ählumymy energetika howpsuzlygy meseleleri boýunça oňyn halkara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berdi we bu ugurda netijeli tejribe alyşmaga mümkinçilik döretdi. Şeýle hem tamamlanan sergi we maslahat biziň ýurdumyzyň umumy dünýä ösüş nukdaýnazaryndan hem ileri tutulýan bu ugurda toplan köpýyllyk tejribesiniň aýdyň görkezijisi bolup hyzmat etdi.
Forumyň ýapylyşyna bagyşlanan dabarada oňa gatnaşyjylara degişli dlplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna şunuň ýaly halkara sergisini we maslahatyny geçirmek başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan edýän Ýüzlenme kabul etdiler. Bu sergi dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň barha ösýän kuwwatlyklaryny, geljekki uly mümkinçiliklerini we bu ugurda depginli ösdürilýän giň halkara hyzmatdaşlygyny ýene bir gezek görkezdi.