Ï Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahat geçirildi

view-icon 678
Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guran forumyna gatnaşmak üçin GDA ýurtlaryndan nebitgaz ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralaryň we iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary geldiler.

Maslahatyň açylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy okaldy. Milli Liderimiz onda tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýädäki ornuny nygtady. Gutlagda hususan-da, «Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny örän oýlanyşykly, aýawly we netijeli peýdalanmak hem-de halkymyzyň eşretli we bagtyýar durmuşy üçin ulanmak biziň esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar» diýlip aýdylýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça tassyklanan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, bu halkara maslahatynyň geçirilmeginiň ýurdumyzyň dünýäniň energetka ulgamynda mynasyp orny eýeleýändigini, ýangyç serişdelerini köpugurly eksport etmegiň milli, sebit we dünýä ösüşini üpjün etmäge, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendigini aýdyň görkezýändigini belledi.

Soňra çykyş eden Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň—Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň, «Türkmennebit», «Türkmengaz», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynyň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Geologiýa-gözleg ylmy-barlag institutynyň, şeýle hem Tebigaty goramak ministrliginiň ýolbaşçylary maslahata gatnaşyjylary türkmen döwletiniň ýangyç-energetika toplumynyň senagat we çig mal kuwwaty, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän energetika strategiýasy bilen tanyşdyrdylar. Şol strategiýa bolsa ýangyç serişdelerini gözlemekde, çykarmakda we gaýtadan işlemekde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, şeýle hem energiýa serişdelerinň Ýewraziýa yklymynyň iri bazarlaryna ygtybarly we howpsuz iberilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutanynyň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna howpsuz üstaşyr iberilmegini üpjün etmek babatdaky öňe süren başlangyçlarynyň derwaýysdygynyň ýokary derejede geçirilýän duşuşyklarda, şeýle hem dürli halkara maslahatlarynyň barşynda şu meseleleriň ileri tutulmagy bilen tassyklanylýandygyny hem bellemelidiris.

Ählumumy howpsuzlygynyň energetika howpsuzlygy üpjün etmezden, dünýä ösüşiniň durnuklylygynyň energiýa serişdeleriniň iberilmeginiň durnuklylygyny gazanmazdan mümkin däldigine göz ýetirilmegi hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolmagyny şertlendirdi.

Ýangyç serişdelerini özleşdirmekde we ulanmakda ekologiýa talaplarynyň we kadalarynyň berjaý edilişi bilen baglanyşykly meseleler çykyşlaryň aýratyn mowzugy boldy. Hususan-da, nebitgaz ulgamynyň daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsiriniň öňüni almak we azaltmak, nebitgaz serişdelerini özleşdirmekde ýüze çykýan ekologiýa meselelerini çözmegiň ýollary, ýerasty baýlyklary netijeli hem-de rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly çykyşlar beýan edildi.

Mälim bolşy ýaly, bu derwaýys wezipeleri netijeli çözmek üçin Türkmenistan anyk çäreleri gördi, muňa mysal hökmünde, Hazar sebitinde daşky gurşawy goramagyň meselelerine seretmek we degişli teklipleri hem-de maslahatlary işläp taýýarlamak üçin hemişe hereket edýän binýat hökmünde Hazaryň ekologiýa forumyny guramak, şeýle hem BMG bilen hyzmatdaşlykda ýöriteleşdirilen düzümi—howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezi döretmek boýunça halkara başlangyçlaryny görkezmek bolar.

Biziň ýurdumyzyň bu ugurda anyk ädimleri ädýändigini bellemek gerek, ýagny, howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli maksatnamasy kabul edildi. Ol ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu strategiýa ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etmelidir.

Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän giň möçberli durmuş-ykdysady taslamalaryň her birinde, şol sanda senagat düzümini döwrebaplaşdyrmakda täze önümçilikleriň we desgalaryň ekologiýa taýdan howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Bu ýerde, gürrüň ýangyç-energetika toplumynyň, awtoulag we gurluşyk senagatynyň, himiýa we dokma senagatynyň, jemagat hojalygynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak barada barýar.

Çykyşlarda nebitgaz pudagyny täze tehnikalar bilen üpjün etmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça döwletiň amala aşyrýan ägirt uly işleri barada aýratyn durlup geçildi. Munuň özi onuň çig mal binýadyny ep-esli berkitmäge, ýangyç çig malynyň çykarylyşyny we gaýtadan işlenilişini artdyrmaga, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli nebit önümleriniň köp görnüşleriniň çykarylmagyny ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda alnyp barylýan giň möçberli işler aýdyň mysal hökmünde görkezildi. Onuň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy bu toplumy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, sebitiň himiýa senagaty pudagynda hem öňdebaryjylaryň hataryna çykardy.

Maslahatyň işiniň dowamynda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerine Türkmenistanyň potratçylary we maýadarlary üçin mümkinçilikleri açýan, şol sanda maýa goýum ýagdaýynyň şertleri, milli kanunçylyk we salgyt salmak, bäsleşiklere gatnaşmak, ygtyýarlylandyrmak, gümrük çäreleri we işewürligi alyp barmagyň beýleki meseleleri bilen bagly anyk maglumatlar berildi.

Mälim bolşy ýaly,Türkmenistan tebigy gazyň ýüze çykarylan iri gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Diňe «Galkynyş» gaz käniniň özünde «mawy ýangyjyň» ägirt uly gorlarynyň bardygyny aýtmak ýeterlikdir. Abraýly halkara ekspert kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, ondaky gazyň gorlary iň ýokary çäkdäki möçberde 26,2 trillion kub metre barabardyr. Mundan başga-da, Türkmenistan nebitiň ägirt uly gorlaryna eýedir. Onuň çykarylmagy, iberilmegi we gaýtadan işlenilmegi hem esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Entek eldegrilmedik ägirt uly ýangyç gorlaryny işläp taýýarlamak boýunça giň möçberli meýilnamalary amala aşyrmak bilen birlikde, Türkmenistan geljekde ählumumy derejede nebitgaz senagatyny ösdürmekde möhüm orun eýelär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan energetika strategiýasy ysnyşykly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýar. Deňhukuklylyk we birek-birege ynanyşmak esasynda guralýan bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şertleriniň biridir. Bu maksatnama laýyklykda ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny köp esse artdyrmak, ýokary hilli nebit we gazhimiýa önümleriniň öndürilişini üpjün etmek, şeýle hem daşary ýurt bazarlarynda türkmen energiýa serişdeleriniň ýerlenişini ep-esli artdyrmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça taslamalara maýa goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda ýurdumyzyň hünärmenleri gury ýerde, şeýle hem deňizde nebitgaz ýataklaryny işläp geçmekde daşary ýurt maýalaryny çekmegiň dürli meseleleri barada gürrüň berdiler. Daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilleri bu babatda öz tejribelerini paýlaşdylar. Gazy çykarmak we ibermek, nebiti gaýtadan işlemek we nebit önümlerini öndürmek boýunça taslamalara maýa goýmagyň mümkinçiliklerine hem-de şertlerine garaldy.

Şeýle hem halkara maslahatyň çäklerinde dünýäniň nebitgaz bazaryndaky ýagdaýa we olaryň GDA ýurtlarynda maýalaryň gelmegine hem-de ýangyç serişdeleriniň çykarylyşynyň artdyrylmagyna edýän täsirine gysgajyk syn berildi. Maslahatda energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny giňeltmekde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, GDA ýurtlarynda nebitgaz we gaýtadan işleýän pudaklarda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, geosyýasatyň eksport taslamalaryny döretmäge edýän täsiri we beýleki meselelere garaldy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy -- Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedew Türkmenistanyň ägirt uly serişdeler kuwwaty nukdaýnazardan we ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde onuň ornunyň artýandygyny nazara almak bilen, türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň geljeginiň örän uludygyny belledi. Bu pikiri GDA ýurtlarynyň nebitgaz düzümleriniň ýokary wezipeli wekilleri, şeýle hem iri nebitgaz kompaniýalarynyň ençemesiniň ýolbaşçylary hem dolulygyna goldadylar. Olar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän «açyk gapylar» syýasatynyň, şeýle hem ýurdumyzda bar bolan ygtybarly kanunçylyk binýadynyň, salgyt salmakda örän ýeňillikli şertleriň, ykdysadyýetiň okgunly ösmeginiň umumylykda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň türkmen bazaryna ýokary gyzyklanmasyny şertlendirýändigini nygtadylar.

Forumyň ahyrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, bu forumy üstünlikli geçirmäge goldaw berendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.