Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanylyp, onuň başlyklygyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary bellenildi. Şeýle hem resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň dördünji mejlisine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2012-nji ýylyň 19-22-nji sentýabry aralygynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde gulluk iş saparynda bolar.