Ï Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi

view-icon 686
Şu gün türkmen paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 55-nji mejlisi boldy. Aşgabatda ilkinji gezek geçirilen bu wekilçilikli forum GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Arkalaşyga agza ýurtlaryň hökümetleriniň wekillerini, Russiýa Federasiýasynyň, Belarus Respublikasynyň, Ukrainanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylaryny jemledi.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 1999-njy ýylda döredilen Ykdysady geňeşi GDA-nyň çäklerinde kabul edilen ylalaşyklaryň, Arkalaşygyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň we hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň erkin söwda zolagynyň döredilmegi we işlemegi hem-de hyzmatdaşlygyň beýleki durmuş-ykdysady meseleleri baradaky çözgütleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän esasy ýerine ýetiriji edaradyr.

Nobatdaky mejlisiň gün tertibine söwda-ykdysady we maliýe-býujet ulgamlarynyň, energetikany, ulag-aragatnaşyk toplumyny, ekologiýany, medeni – ynsanperwerlik ulgamyny öz içine alýan meseleleriň birnäçesi girizildi. Foruma gatnaşyjylaryň garamagyna patentleriň we innowasiýalaryň bankyny döretmegiň konsepsiýasynyň, energetika ulgamynda GDA agza döwletleriň hyzmatdaşlygyň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleriň meýilanamasynyň, 2013- 2014-nji ýyllar üçin GDA agza döwletleriň gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygy babatdaky ileri tutulýan çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary hödürlenildi. Mejlisiň barşynda şeýle hem Arkalaşyga agza ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy – hukuk binýadyny döretmäge degişli resminamalaryň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk babatda işjeň orny eýelemäge meýillidigini görkezýär. Bu garaýyş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan we ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.

Biziň ýurdumyz netijeli gatnaşyklar ugruna gyşarnyksyz eýerip, Arkalaşygyň giňişliginde deňhukukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine saldamly goşant goşýar we häzirki zaman ýagdaýlaryny nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek maksadynda täze anyk çemeleşmeleriň başyny başlaýar. Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlary bilen öz gatnaşyklaryny we umuman, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerinden hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýörelgelerinden ugur alyp guraýar.

Şu jähetden, biziň ýurdumyzyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegine GDA-nyň giňişliginde oňyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilen möhüm wezipe hökmünde garaýandygy bellenildi. Başlyklyk etmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, GDA-nyň ugry boýunça möhüm duşuşyklar we forumlar guraldy, şeýle hem iri çäreleriň ýene-de birnäçesini geçirmek meýilleşdirildi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda geçirilýän halkara forumlary, şol sanda ykdysady ulgamdaky çäreler diňe bir milli ykdysadyýetiň ösmegine däl, eýsem, GDA-nyň çäklerinde döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hem ýardam edýär.

Çykyşlaryň barşynda mejlise gatnaşyjylar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlara öz gatnaşyklaryny milli bähbitleri we ösüşiň umumy maksatlaryny nazara almak bilen guramaga, durnukly ykdysady ösüş üçin ägirt uly mümkinçilikleri netijeli ulanmaga, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän köptaraplaýyn gatnaşyklaryň çeýe guraly hökmünde GDA-nyň möhüm ornuny bellediler.

Nygtalyşy ýaly, Arkalaşyga agza ýurtlaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi durnukly ösüşiň ýokary depginini saklamak we dünýä hojalygyna goşulyşmak üçin anyk esasa eýedir. Şunuň bilen baglylykda, daşarky we içerki bazarlarda bäsdeşlegiň güýçlenýän şertlerinde GDA agza döwletleriň ägirt uly senagat, maýa goýum we medeni kuwwatynyň ýurtlaryň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmekde, şol sanda bilelikdäki döwletara maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde özara gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilmelidigi bellenildi.

Duşuşygyň barşynda Arkalaşygyň ýurtlarynda maddy gorlaryň dolandyrylmagyny amala aşyrýan döwlet (ýerine ýetiriji) häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maslahat beriji geňeşiniň, şeýle hem GDA-nyň giňişliginde Maliýe durnuklylygy geňeşiniň sebitleýin geňeş toparynyň işine ýokary baha berildi.

GDA agza döwletleriň önüm öndürijileriniň teklip edýän bäsdeşlige ukyply önümleriniň umumy sanawyna garalanda, Ykdysady geňeşiň agzalary bu sanawdaky önümleriň sanynyň gyşarnyksyz artýandygyny kanagatlanmak bilen bellediler. Şunda eksporta iberilýän adaty harytlar bilen birlikde, sanawyň esasy bölegini innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümleriň eýeleýändigi nygtaldy.

Ykdysady geňeşiň 55-nji mejlisiniň netijeleri boýunça durmuş-ykdysady işiň dürli ugurlary boýunça strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. Duşuşygyň çäklerinde şeýle hem GDA-nyň edaralarynyň 2013-nji ýyl üçin bitewi býujeti ylalaşyldy.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 55-nji mejlisine gatnaşan wekiliýetleriň agzalary duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa forumyň geçirilişiniň barşynda türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, halkara hyzmatdaşlygyny we özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmegiň bähbidine öňe sürlen asylly başlangyçlar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.