Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabatda geçirilýän telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2012» atly VI halkara sergisne hem-de «Türkmenistan we dünýä maglumat-telekommuniksiýa ulgamlary» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşmak üçin Litwa Respublikasynyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň gündogar goňşular boýunça syýasy departamentiniň direktory jenap Ýedminas Bagdonas bilen duşuşyk geçirildi.
Litwanyň daşary syýasat edarasynyň wekiliýetiniň agzalary biziň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanşyp, Türkmenistanda durmuş-ykdysady ulgamlarda we döwlet ösüşinde alnyp barylýan oňyn özgertmelere ýokary baha berdiler hem-de hormatly Prezidentimiziň sebitleýin we ählumumy möçberde parahatçylygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegi babatda işjeň başlangyçlarynyň derwaýysdygyny bellediler. Aýdylyşy ýaly, Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerini we ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar, şol sanda Ýewropa giňişligindäki ýurtlar bilen giň halkara hyzmatdaşlygyny ugur edinýän döwlet syýasaty giň ykrarnama we Litwa Respublikasynyň syýasy toparlarynyň arasynda uly abraýa eýe boldy.
Netijeli türkmen-litwa hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara düzümleriň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça bilelikdäki tagallalaryň artdyrylmalydygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady medeni-gumanitar ulgamlardaky, azyk senagaty, maşyn we gämi gurluşygy, agaç işläp bejerýän, dokma senagaty hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berildi.
Litwanyň DIM-niň departamentiniň direktory we wekiliýetiň agzalary Türkmenistan bilen özara gatnaşyklaryň, şol sanda Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine meýillidiklerini bellediler.
Saparyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň medeni-taryhy ýadygärlikleri we gözel ýerleri bilen tanşarlar, ýurdumyzyň Baş millli muzeýine we Türkmen halysynyň muzeýine baryp görerler.