Ï Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň ekspozisiýasy Moskwada geçirilýän 25-nji halkara kitap sergi-ýarmarkasynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň ekspozisiýasy Moskwada geçirilýän 25-nji halkara kitap sergi-ýarmarkasynda

view-icon 912
Türkmen neşirýatçylary Moskwada her ýylda geçirilýän halkara sergisinde dördünji sapar öz gazanýan üstünliklerini görkezdiler.

Soňky ýyllaryň dowamynda durmuş-ykdysady, ylmy we medeni taýdan çalt depginler bilen ösýän hem-de şol bir wagtyň özünde halk däp-dessurlaryny ynamdar saklaýan ýurdy – häzirki zaman Türkmenistany dünýä ýüzüne ýaýýan neşirleriň onlarçasy çap edildi. Owadan suratlar bilen bezelen surat albomlary we kitaplar: „Milletiň baştutany“, „Aşgabat – söýgüniň we ynamyň şäheri“, „Türkmenistan - bagtyýarlyk we abadanlyk ýurdy“, „Awaza – aýdym aýdýan tolkunlaryň mekany“, bu uly göwrümli sergide ilkinji gezek görkezilýän türkmen halylary barada gürrüň berýän „Janly rowaýat“, „Görogly“ eposynyň sowgatlyk neşiri, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň eserleri (bu ugur boýunça 32 kitap, olaryň arasynda Saadiniň, D.Azadynyň, Baýram han türkmeniň saýlanan eserleri bardyr), çagalar edebiýaty, mekdep okuw kitaplary, Türkmenistanyň şäherleri we obalary baradaky surat otkrytkalary – bularyň ählisi Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň ýatdan çykmajak ekspozisiýasyna öwrüldi.

Türkmen tarapynyň guran sergisini görmäge gelen köp sanly tomaşaçylaryň arasynda Russiýanyň Gahrymany, lýotçik-kosmonawt Oleg Kononenkonyň bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Türkmenabat şäherinde dogulan Oleg Kononenko häzirki zaman Türkmenistanyň durmuşy bilen içgin gyzyklanyp gelýär. Şonuň üçin hem bu serginiň hormatly myhmany Türkmenistan baradaky täze maglumatlar çeşmesi bilen ýakyndan tanyşmaga bolan mümkinçilikden ýerlikli peýdalandy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli çykarylan sowgatlyk surat albomy Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň adyndan Oleg Kononenka gowşuryldy. Oleg Kononenko özüniň kosmos uçuşyna gatnaşanlygy barada gürrüň berýän suratly makala ýerleşdirilen „Türkmenistan“ halkara žurnalynyň sahypalarynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.