Hindistan Respublikasynyň adam serişdelerini ösdürmek, kommunikasiýalar we habar beriş tehnologiýalary ministri jenap Kapil Sibalyň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtynda bolýan hindi wekiliýetiniň agzalary şu gün Türkmenistanyň Hökümetinde kabul edildi.
Duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ýokary derejedäki ylalaşyklary amala aşyrmak babatda däbe öwrülen türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny hem-de uzakmöhletleýin we deňhukukly esasda ösýän özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri has-da ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Dostluk we özara düşünişmek däplerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň depginli häsiýetini kanagatlanmak bilen belläp, duşuşyga gatnaşyjylar netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmek we giňeltmek barada öz pikirlerini aýtdylar. Myhmanlaryň belleýşi ýaly, Hindistanda doganlyk türkmen halkynyň üstünliklerine we hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda düýpli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň gazananlaryna tüýs ýürekden guwanýarlar.
Türkmen-hindi gatnaşyklarynyň geljegi hakynda pikir alyşmagyň çäklerinde ähli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Ylym-bilim we aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigine aýratyn üns berildi. Hindistanyň eýe bolan habar beriş tehnologiýalary ulgamynda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak baradaky mesele aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzir Hindistan bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjylarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda myhmanlar türkmen kärdeşlerine dürli ugurlarda toplan tejribelerini, öňdebaryjy işläp düzmelerini we tehnologiýalaryny bermäge taýýardygyny aýtdylar.
Hindi wekiliýetiniň agzalary Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde şu günler türkmen paýtagtynda geçirilýän “Türkmenistan we dünýä maglumat-telekommunikasiýa ulgamlary ” atly VI Halkara ylmy maslahatynyň işine gatnaşdylar.