Şu gün türkmen paýtagtynda “Halkara sport çärelerini guramagyň dünýä tejribesi” atly üç günlük halkara okuw maslahaty öz işine başlady, bu çäre Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty hem-de ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) tarapyndan bilelikde guraldy.
Okuw maslahatynyň işine ýurdumyzyň Daşary işler, Bilim, Medeniýet, Ykdysadyýet we ösüş, Maliýe, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Awtomobil ulaglary ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we beýlekileriň wekilleri gatnaşýarlar.
Bu okuw maslahatyna halkara bilermenler hökmünde dünýäniň dürli ýurtlarynyň sport ulgamynyň wekilleri, şol sanda Inçhondaky Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň baş sekretarynyň orunbasary jenap Kim Jung Jaý (Koreýa Respublikasy), 2014-nji ýylda Soçi şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryny guramak boýunça menejr jenap Anton Bakeýew (Russiýa), Olimpiýa we Paraolimpiýa oýunlaryny geçirmekde we myhmanlary kabul etmek boýunça bilermen jenap Andreý Waýser (Awstriýa), sport çärelerini geçirmekde maglumat tehnologiýalaryny ulanmak boýunça bilermen jenap Karsten Florstedt (Germaniýa), “BTG Event Solutions” kompaniýasynyň baş direktory, ekologiýa taýdan arassa sport çäreleri boýunça bilermen hanym Tatýana Baklanowa (Russiýa), “Razor Marketing and Management” kompaniýasyny esaslandyryjy jenap Pol Uinston (ABŞ) çagyryldy.
Daşary ýurtly bilermenleriň şunuň ýaly wekilçilikli düzümi, şeýle hem maslahatyň barşynda pikir alyşmak üçin meseleleriň giň toplumynyň orta atylmagy dünýä bileleşiginiň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň yzygiderli ösdürilýändiginE we ýokary netijeli sport ulgamyna bildirýän gyzyklanmaSYnyň barha artýandygyny görkezýär. Daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistanyň sport ulgamyna şunuň ýaly üns bermegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli özgertmelere esaslanýan syýasatynyň we döwletimiziň hem-de jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeleriň giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda berk bedenli we sagdyn nesliň terbiýelenip ýetişdirilmegine, abraýly halkara guramalary we düzümleri, şol sanda Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýlekiler bilen hyzmatdaşlyk edilmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti üstünlikli hereket edýär. 2009-njy ýylyň aprelinde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi halkara sport hereketiniň ösdürilmegi ugrunda bitiren uly hyzmatlaryny ykrar etmegiň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Hormat Ordeni bilen sylaglady. Ýakynda bolsa türkmen Lideri sport boýunça ýene-de bir abraýly sylaga mynasyp boldy. Milli Liderimiz karate-do boýunça 10-njy danyň hormatly eýesi boldy.
Halkara bilermenleriniň çykyşlary sport ýaryşlaryny dolandyrmak we geçirmek, bu ýaryşlaryň geçirilýän ýerlerini guramak we onuň ähli tapgyrlaryny netijeli utgaşdyrmak, hyzmat ediş we myhmanhana hyzmaty, logistika, baýraklary gowşuryş dabaralaryny guramak, maliýe serişdelerini dolandyryş, sportda maglumat tehnologiýalaryny ulanmak ýaly birgiden ugurlar boýunça dünýäde toplanan tejribä degişli wajyp ähmiýetli meselelere bagyşlandy.
Çykyşlarda ýokary derejeli sport çäreleriniň geçirilmegine taýýarlanmagyň we guramagyň barşynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, çykyş eden daşary ýurtly myhmanlar ýurdumyzda sport teleýaýlymynyň gije-gündiziň dowamynda hereket edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmenistanlylar şol teleýaýlymyň üsti bilen, göni aragatnaşyk arkaly alnyp görkezilýän halkara derejeli sport ýaryşlaryna tomaşa edýärler, munuň ýokary netijeli sporty wagyz etmekde täsiri uludyr.
Ýurdumyzyň sport ulgamynda üstünlikli we yzygiderli syýasaty ýöretmegi halkara derejesinde uly möçberli çäräni – ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny Türkmenistanda geçirmegi teklip etmäge mümkinçilik berdi, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň çözgüdi boýunça bu oýunlar 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriler. Häzirki wagtda bu uly möçberli çäräniň geçirilmegine ykjam taýýarlyk görülýär, şu okuw maslahaty hem munuň subutnamasyna öwrüldi. Bu çäre Orta Aziýa sebitinde geçirilen ýaryşlaryň taryhynda ilkinji gezek guralýan Aziada --2017-iň oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde guraldy.
Ýurdumyzda köp sanly sport desgalarynyň gurlandygy we eýýäm ulanylýandygy bellenildi, bular ähli halkara ülňülerini we kadalaryny göz öňünde tutmak arkaly döredildi. Olaryň arasynda Olimpiýa suw-sport toplumy, Milli olimpiýa sport köşgi, sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin niýetlenen sport toplumy, köpugurly we 20 müň orunlyk “Aşgabat” stadiony, şeýle hem welaýatlaryň merkezleriniň her birindäki 10 müň orunlyk täze döwrebap stadionlar, aýlawlar we beýleki onlarça sport desgalary bar. Täsin Olimpiýa şäherjigi 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýerine öwrüler, bu şäherjigiň gurluşygyna iki ýyl mundan ozal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça girişildi.
Sagdyn, berk bedenli, ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmekde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna uly umyt baglanýar, bu ýerde eýýäm milli derejede baýdarkada we kanoede küreklemek boýunça ýaryşlar geçirildi, bu ýaryşlar sportuň suwdaky görnüşleri boýunça ussatlarda we höwesjeňlerde uly gyzyklanma döretdi. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar “2011-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýä we sporta goldaw bermegiň we ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” we “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanda sporty ösdürmegiň we ussat türgenleri taýýarlamagyň umumydöwlet maksatnamasynyň” sporta döwlet tarapyndan goldaw bermek, ýaşlary sporta hyjuwly garamak ruhunda terbiýelemek, şeýle hem berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sportuny dünýä derejesine ýetirmek üçin hukuk, guramaçylyk we maddy-enjamlaýyn esaslaryny döretmek işinde netijeli gural bolup durýandygyny bellediler.
Okuw maslahatynyň birinji iş gününiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bu forumyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, sport boýunça öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmek maksady bilen, peýdaly hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmelidigni aýtdylar.
Ertir okuw maslahaty öz işini dowam eder.