Ï Türkmenistanda “Suw damjasy-altyn dänesi” umumymilli baýramçylygy bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda “Suw damjasy-altyn dänesi” umumymilli baýramçylygy bellenildi

view-icon 1155
Şu gün ýola goýlan asylly däbe görä tutuş ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenilýän “Suw damjasy-altyn dänesi” umumy milli baýramçylygynyň şanyna dabaraly çäreler geçirildi. Bu baýramçylyk köpmüň ýyllyk taryhynyň dowamynda suwa altyn ýaly garaýşyny saklap gelýän türkmen halkynyň gadymdan gelýän däplerini beýan edýär.

Derýalaryň, akabalaryň, suw howdanlarynyň kenarlarynda müňlerçe adamlar ýygnadylar. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň ýaşaýjylary uly halk gezelençlerine gatnaşyp, olaryň barşynda sungat ussatlarynyň we döredijilik toparlarynyň konsertleri, sport bäsleşikleri we suw hojalyk pudagynyň weteranlaryny hem-de önümçüligiň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabaralary guraldy.


Tutuş hepdäniň dowamynda ähli ýerlerde geçirilen, şu ajaýyp baýramçylyga bagyşlanan halkara, ylmy, medeni çäreler şu günki dabaralaryň başyny başlady. Ýurdumyzyň muzeýlerinde we kitaphanalarynda sergiler guralyp, Ylymlar akademiýasynyň käbir ylmy-barlag institutlarynda, Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynda ylmy maslahatlar we seminarlar geçirildi. Türkmen Oba hojalyk uniwersitetinde “Suw we ýer serişdelerini netijeli peýdalanmakda öňdebaryj dünýä tejribesi” atly ylmy maslahat geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Toparynyň hem-de Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň we bilermenleriniň gatnaşmagynda “Prezident” myhmanhanasynda geçirilen suw syýasaty boýunça milli gatnaşyklaryň utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi suwdan peýdalanmak meselesine bagyşlandy.

Şu gün esasy dabaralar paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde Garagum derýasynyň kenarynda ýaýbaňlandy. Bu ýerde, ýylsaýyn giňelýän kenarýaka seýilgähinde myhmanlara gapylaryny giňden açan baýramçylyk ak öýleri dikildi. Aýdym-sazly, tansly çykyşlar dabaranyň öwüşginini artdyryp, gatnaşyjylar we myhmanlar däbe görä milli tagamlar bilen garşylandy.

Myhmanlaryň arasynda hökümet agzalary. Mejlisiň, ministrlikleriň we edaralaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar, ýaşulular, suw hojalygynyň weteranlary we öňde baryjylary, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary, žurnalistler, paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary we myhmanlar bar.


Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz merdana suw hojalyk işgärlerini, oba zähmetkeşlerini we tutuş türkmen halkyny “Suw damjasy - altyn dänesi” baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu gün biz mukaddes suwa belent sarpa goýan merdana ata-babalarymyzyň ýörelgelirini dowam etdirmekde, halkymyzyň suwa bolan isleglerini doly kanagatlandyrmakda, ykdysadyýetimizi ösdürmekde giň möçberli maksatnamalyry amala aşyrýarys. Şoňa görä-de, bedew bady bilen okgunly öňe berýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary yzygiderli we sazlaşykly ösýär, halkymyzyň ýaşaýyş- durmuş derejesi gün-günden ýokarlanýar, önümçiligiň gerimi giňelýär.

Aýratyn hoşallygyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň suw hojalyk işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýagmyrly diýen dor bedew sowgat berildi.

Dabaranyň myhmanlary açyk asmanyň astynda ýaýbaňlandyrylan dürli mowzukly sergi bilen tanyşdylar. Onuň esasyny häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlar, gidrotehniki desgalaryň, häzirki zaman suwaryş ulgamynyň nusgalary düzdi. Bu ýerde ýagyş ýagdyrmak we damjalaýyn usullarda suwarmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyşmak bolýar. “Türkmensuwylymtaslama” institutynyň alymlary bu ýerde öz täze enjamy- diňe elektrik togunda däl-de, eýsem, gün batareýalarynda işleýän suw süýjediji enjamy bilen tanyşdyrdylar. Şunuň ýaly enjam çopanlara, ylmy işgärlere we suw hojalygynyň hünärmenlerine çölüň içinde hepdeläp işlemäge mümkinçilik berer.

Derýanyň beýleki kenarynda ýokary öndürijilikli häzirki zaman tehnikasynyň nusgalary görkezildi. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň obasenagat toplumynda başyny başlan giň gerimli özgertmeleri bilen baglylykda, pudagy düýpli döwrebaplaşdyrmak we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny täzelemek maksady bilen yzygiderli satyn alynýar. Olaryň arasynda kuwwatly “Katerpiller” ekskawatorlary, Çelýabinskiniň traktor zawodynyň buldozerleri we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň beýleki tehnikalary bar.


Sergide karp, ak amur we tüňňimaňlaý ýaly balyklary öz içine alan howuzlar bilen tanyşdyryldy. Olar köpeldilende esasy maksat dürli suw howdanlaryny, kanallary we derýalary, ilkinji nobatda, Garagum derýasyny biologik taýdan arassalamak bolup durýar. Tejribäniň görkezişi ýaly, balyklaryň bu görnüşleri akar suwlary arassalamak meselesini gymmatly tehnikalara garanyňda has netijeli çözýärler.

Kenarda ýaýbaňlanan çeper eserleriň – suratlaryň, heýkelleriň, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň dürli öwüşginli sergisi dabara gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Bu eserlerde halkymyzyň suwa, onuň jana şypaly güýjüne aýawly garaýşy beýan edilýär. Bu ýerde şeýle hem ýaş suratkeşler şu günki dabaradan we tebigatyň ajaýyp görnüşinden ruhlanyp, täze suratlary çekýärdiler.

Türgenleriň görkezme çykyşlary şu günki dabaranyň maksatnamasynyň möhüm bölegine öwrüldi. Seýilgähiň dürli meýdançalarynda göreş, karate we sambo boýunça ýaryşlar dowam edýän wagty,Garagum derýasy boýunça baýdarkalar we beýleki gaýyklar tolkunlary böwüsip barýardylar. Milli atçylyk sport sungatynyň ussatlary göýä olar bilen bäsleşýän ýalydy. Çapyksuwarlar dünýä belli ahalteke bedewlerinde dürli çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Baýramçylygyň çäklerinde Garagum derýasynyň kenarynda agaç nahallaryny oturtmak çäresi geçirildi. Nahal oturdýanlaryň her biri ene topragymyzyň gözelligini artdyrmak üçin höwes bilen işleýärdi.

Gadymy türkmen obasynyň keşbini döreden ak öýlerde baýramçylyga gatnaşyjylary mele myssyk nan, gowurdak, jana şypaly düýe çaly we beýleki milli tagamlar bilen mähirli garşyladylar.

Şu günki dabaralara gatnaşan daşary ýurtly myhmanlar türkmen myhmansöýerligini has äşgär duýdular. Olaryň arasynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputaty, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Bedenterbiýe we sport geňeşiň prezidiumynyň agzasy Irina Rodnina hem bar. Ony sportda gazanan üstünlikleri we sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlylygy üçin Türkmenistanda örän oňat tanaýarlar.

Ady rowaýata öwrülen figuraçy zenan Türkmenistanda ýaýbaňlanan özgertmeleriň depginlerine, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde höküm sürýän ruhubelentlik we döredijilik ýagdaýyna haýran galandygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli işinde beýan edilen melhem otlardan taýýarlanan ýakymly çaýdan içip gördi. Milli Liderimiziň kitaplary bütin dünýäde, şol sanda Russiýada uly meşhurlyga eýe boldy.


Şu günki baýramçylygyň mukaddes suwuň şanyna dürli kärdäki we hünärdäki adamlary-melioratorlary we gidrotehnikleri, miraplary we mehanizatorlary, tehnologlary we gurluşykçylary birleşdirendigini bellemek gerek. Ýola goýlan asylly däbe görä, bu gün olaryň işde tapawutlananlaryny, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan önümçiligiň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň uly konserti baýramçylygyň bezegine öwrüldi.

Tutuş ýurdumyz boýunça “Suw damjasy-altyn dänesi” ählihalk baýramçylygynyň hormatyna ussat aýdymçylar we döredijilik toparlary öz çykyşlarynda ene topragymyzyň öçmejek gözelligini we türkmen halkynyň döredijilikli zähmetini, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň bähbidine gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny wasp etdiler.