Şu gün Köşi şäherçesinde hususy gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan gurlan 160 orunlyk çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.
Çagalar bagynyň öňündäki dürli reňkli lentalar we şarlar bilen bezelen meýdançada ir säherden hakyky ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy höküm sürdi. Aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar, çagalar bagynyň körpeleri özlerini gutlamaga gelen myhmanlary aýdym aýtmak, goşgy okamak we joşgunly tanslary ýerine ýetirmek bilen garşylaýarlar. Myhmanlaryň arasynda şäher häkimliginiň, jemgyýetçiligiň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar bar.
Dabara gatnaşyjylar türkmenistanlylaryň ösüp gelýän nesli barada edýän atalyk aladasy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler. Olar täze mekdep ýaşyna çenli edaranyň ulanmaga berilmeginiň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar.
Çagyrylan myhmanlaryň arasynda 8 ýaşa çenli bolan çagalaryň arasynda küşt boýunça dünýäniň çempiony Bägül Ezizowa hem bar. Dünýä birinjiliginiň geçen aýda Gresiýada geçirilendigini ýatlatmalydyrys. 8 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň iki gezek çempiony hem-de 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda ýurdumyzyň häzirki çempiony 6 ýaşly Bägül Gresiýada iň ýokary netije görkezip, 9 duşuşykda 9 ýeňiş gazanmagy başardy. Bu görkeziji FIDE-niň sport ussatlygyna dalaşgäriň derejesiniň ýerine ýetirilendigini aňladýar.
Çagalar dünýä birinjiliginiň ýeňijisini şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Körpe çempionyň entek özi hem çagalar bagyna gatnaýar, ýöne ol eýýäm belent maksatlara ýetmekde türkmenistanlylaryň ýaş nesline ajaýyp görelde görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleri netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bagtyýar çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredildi.
Iki gatly binada çagalaryň ýaş aýratynlyklary boýunça 8 sany topar ýerleşdirildi, owadan we amatly mebeller bilen üpjün edilen oýun hem-de ýatakhana otaglary göz öňünde tutuldy. Iň täze multimediýa enjamlary bilen kompýuter we lingafon otaglary bar, şol ýerde çagalar maglumatlar ulgamynyň başlangyç bilimlerini özleşdirerler hem-de daşary ýurt dillerini öwrenerler. Bu ýerde sport bilen meşgullanmak üçin gimnastika zaly we suwa düşülýän howuz körpeleriň hyzmatynda bolar.
Mekdep ýaşyna çenli çagalar edarasyna ýanaşyk ýerler bagy-bossanlyga bürendi we şol ýerde çagalar üçin oýun meýdançalary döredildi. Körpeler bu ýerde özleriniň wagtyny şadyýanlykda geçirerler.
Dabaranyň çäklerinde has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.