Mary welaýatynda Türkmenistanyň Mejlisine deputatlyga dalaşgärleri hödürlemek möwsümi dowam edýär. Welaýatyň okruglarynyň 50-nde dalaşgärleri hödürlemek giň aýanlyk ýagdaýda geçýär.
Bu möhüm tapgyra syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, saýlaw toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we milli gözegçileri üçin okuw maslahatlarynyň geçirilmegi özüniň oňaýly täsirini ýetirdi. Okuw maslahatlarynyň dowamynda parlament saýlawlarynda iki sany syýasy partiýalaryň ýeňiş gazanmak üçin bäsdeşligi alyp barýandyklaryny kesgitleýän aýratynlyklar nygtaldy. Şunuň bilen birlikde saýlaw möwsümiň öň ýüzündäki çäreler ýiti häsiýete eýe bolýar we ýurduň kanun çykaryjy guramasyna has mynasyp wekilleri dalaşgärlige hödürlemäge giň mümkinçilikler döredilýär.
Her okrug boýunça Mejlisiň deputatlygyna birnäçe dalaşgärler hödürlenilýär. Ýygnaklarda çykyş edýänler dalaşgärleri ýakyndan tanaýandyklaryny aýdyp, olaryň işjeň taraplaryny çynlakaý ara alyp maslahatlaşmak bilen, her bir dalaşgär boýunça öz pikirlerini aýdýar. Hususanda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Mary şäherinde Mejlisiň deputatlygyna dalaşgäri hödürlemek boýunça ýygnak geçirdi. Kärdeşler arkalaşygynyň birleşikleri hem Sakarçäge we Garagum etraplarynda bu ugur boýunça ýygnak geçirdiler. Türkmengala etrabynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň adyndan dalaşgär hödürlendi, Murgap etrabynda bolsa, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň ýerli bölüminiň wekilleri tarapyndan milli parlamente deputatlyga dalaşgär görkezildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleri hem bu babatda uly işjeňlik görkezýärler.
Ses bermäge hukugy bolan her bir raýatyň saýlawlar güni jemgyýeti we döwleti dolandyrmaga gatnaşmaga bolan konstitusion hukugyny amala aşyrmagy üçin ýerlerde düşündiriş işleri geçirilýär.