Ï Bilim, sport we syýahatçylyk boýunça halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň netijeleri jemlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilim, sport we syýahatçylyk boýunça halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň netijeleri jemlendi

view-icon 1323
Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde “Bilim, sport we syýahatçylyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň işiniň tamamlanmagyna bagyşlanan dabara geçirildi. Ona dünýäniň onlarça ýurdundan, şol sanda ABŞ-dan, Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Italiýadan, Germaniýadan, Ispaniýadan, Portugaliýadan, Hindistandan, Hytaýdan, Koreýadan, Eýrandan, Türkiýeden, Polşadan, Latwiýadan, Ukrainadan, Belarusdan, Täjigistandan, Gazagystandan, Gruziýadan we beýlekilerden wekiliýetler bar.


Ýurdumyzyň baş sergi merkezi üç günüň dowamynda diňe bir her ýyl geçirilýän bu wekilçilikli halkara forumyna hemişelik gatnaşyjylaryň we ilkinji gezek gatnaşýanlaryň tanyşdyrylyşynyň geçirilýän ýeri bolman, eýsem-de türkmen ýaşlary üçin – biziň ýurudmyzyň şeýle hem ýakyn we alys daşary ýurtlardaky geljegi uly bolan talyplar üçin hünäre ugrukdyrmagyň giň meýdançasy bolup hyzmat etdi. Muňa foruma ýürdumyzyň we daşary ýurtlaryň dürli ýokary okuw mekdepleriniň köp sanly wekiliýetleriniň gatnaşmagy ýardam etdi. Olar sergä gatnaşyjylara bu ýokary okuw mekdeplerde öwredilýän hünärleriň giň ugry hem-de okuwyň döwrebap usuly barada jikme-jik we gyzykly maglumatlary hödürlediler.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dördüsinde, ýagny, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda, Milli sport we syýahatçylyk institutynda hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bilimi, sporty we syýahatçylygy ösdürmegiň iň möhüm meseleleri boýunça maslahatyň bölümçe mejlisleri geçirildi.

Forumyň barşynda bilim ulgamynda ýokary hilli özgertmelere gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we has-da ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri hem iş ýüzünde synanylyp görüldi.


Mysal üçin, halkara sergisiniň hemme üç gününde Sergi köşgüniň onlarça pawilonlarynda Ukrainanyň ýokary okuw mekdepleriniň bilim ýarmarkasy geçirildi. Bu ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň uly düzümli wekiliýetine bilim ministri Dmitriý Tabaçnik ýolbaşçylyk etdi. Aşgabat forumyna gatnaşan Ukrainanyň ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda Milli ulag uniwersiteti, Sumskiniň döwlet uniwersiteti, Ukrainanyň Milli metallurgiýa akademiýasy, Donesk milli uniwersiteti, Odessanyň gurluşyk we binagärlik döwlet akademiýasy, Ukarinanyň inženerçilik-mugallymçylyk akademiýasy, Harkow milli ykdysadyýet uniwersiteti, Harkowyň M.E.Žukowskiý adyndaky aerokosmiki uniwersiteti, Iwano-Frankowskiniň nebit we gazy milli uniwersiteti hem-de beýleki ýokary okuw mekdepleri bar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan forumyň çäklerinde geçirilen Türkmenistanyň we Ukrainanyň rektorlar Geňeşiniň ilkinji mejlisi bu pudakda türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň täze görnüşine öwrüldi. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen duşuşygynda taraplar milli bilim we ylym ulgamyny ösdürmek hem-de dörebaplaşdyrmak boýunça işleriň tejribesi bilen tanyşdylar, agzalan ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge özara meýilleriň nukdaý nazaryndan ileri tutulýan wezipeleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýene-de birinde, ýagny, Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda biziň ýurdumyzyň ýokary diplomatiýa mekdebi bilen Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Ukrainanyň diplomatiýa akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Bu ädim ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin taraplaryň hemme zerur şertleri döretmäge meýillidiklerini nygtady. Daşary syýasat, halkara hukugy, daşary ykdysady aragatnaşyklar, syýasaty öwreniş we beýleki ylmy dersler ulgamynda hünärmenleri okatmagyň döwrebap usullaryny işläp düzmek we ornaşdyrmak ýaly ugurlar, okuw-usulyýet we ylmy işler, şeýle hem degişli edebiýatlary we neşirleri alyşmak meseleleri boýunça özara habarlylyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan taraplary hökmünde kesgitlendi.


Ähtnama laýyklykda, Türkmenistanyň we Ukrainanyň ýokary diplomatiýa mekdepleriniň hyzmatdaşlygy okuw materiallaryny alyşmagy, akademiki edaralarda okuw geçmegi guramak boýunça mugallymçylyk tejribelerini alyşmagy we kitaphanalaryň işini daşary ýurt dillerini okatmagyň usullarynyň meseleleri boýunça bilelikdäki maslahatlaşmalary geçirmegi iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň we diplomatik gulluklarynyň wekilleri hem-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlar topary bilen duşuşyklaryň guralmagyny göz öňünde tutýar.

Sergi baradaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, Türkmenistanyň degişli pudaklaýyn edaralarynyň, guramalarynyň we kärhanalarynyň, şol sanda şu foruma bagyşlap ýörite özleriniň täsin ylmy işläp taýýarlamalaryny taýýarlaýan talyplar toparynyň diwarlyklarynyň däp bolşy ýaly, daşary ýurtly hünärmenleriň ünsüni çekendigini bellemek gerek.

Mysal üçin, ýaş hünärmenler – Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyplary demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak, ykjam aragatnaşygy kämilleşdirmek boýunça ajaýyp taslamalarynyň birnäçesini hödürlediler. Olary oýlap tapanlaryň üstüne “akylly oýler” diýlip atlandyrylan işleri dolandyrmak wezipesi ýüklenilýär. Üçünji taslama ykjam aragatnaşygynyň üçünji we dördünji nesilleriniň binýat beketleriniň ýerleşişini görkezmek üçin özboluşly täsin okuw gollanmasydyr.

Netijeli işleriň jemini jemläp, foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda “Bilim, sport we syýahatçylyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergisiniň we maslahatynyň işiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine beren goldawy we ýardamy hem-de daşary ýurtly gatnaşyjylara bildirilen mähirli myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär.

Forumyň çäklerinde biziň ýurdumyzyň myhmanlary üçin tanyşdyryş syýahatçylygy guraldy. Onuň barşynda myhmanlar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine, Türkmen döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, “Ylham” seýilgähine we türkmen paýtagtynyň beýleki gözel ýerlerine baryp gördüler.