Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty belli daşary ýurt mugallymlarynyň we halkara bilermenleriniň gatnaşmaklarynda talyplar üçin ýörite guralan okuw sapaklaryny guramagy dowam etdirýär. Şu günler hem bu ýerde hukuk ulgamynda halkara tejribesine we onlaýn-žurnalistikasyna degişli bolan okuw sapaklarynyň ikisi geçirildi.
Germaniýanyň Halkara gatnaşyklary boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada döwlet gurluşyny goldamak” taslamasynyň çäklerinde talyplaryň öňünde “Garaşsyz adminstratiw kazylary arkaly hukuk döwlet gurluşynyň kepili” atly okuw bilen professor - Germaniýanyň Ýokary Federal Adminstratiw kazyýetiniň kazysy Harald Dýorig okuw maslahaty bilen çykyş etdi. Bu taslamanyň Türkemistandaki wekili Ýorg Pudelka bolsa, özüniň geljekki kärdeşlerini hukuk döwletiniň gurluşynyň ýörelgeleri bilen tanyşdyrdy.
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary EHHG Merkezi bilen bilelikde amala aşyrylýan “KHBS ulgamynda bilimi kämilleşdirmäge goldaw bermek” taslamasynyň çäklerinde guralan onlaýn - žurnalistikasy boýunça ýörite guralan amaly okuw sapagynyň diňleýjileri boldular. Halkara bilermeni Oleg Homenok üç günüň dowamynda ýörite okuw maslahatynyň ugurlarynyň altysy boýunça sapaklary alyp bardy.
Diplomatiýanyň ýokary okuw mekdebiniň uly mugallymy Adelýa Alyýewanyň belleýşi ýaly, şular ýaly iş tejribesi ýokary okuw mekdebiniň talyplaryna okaýan ugurlary boýunça iň täze dünýä tejribeleri bilen habarly bolmaklaryna kömek edýär, geljekki diplomatlaryň we halkara žurnalistleriniň ýokary derejelerini üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär.