Şu gün welaýatda täze orta mekdepleriniň ikisiniň açylyş dabarasy boldy. Bu mekdepler welaýatyň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça ýerli hünärmenler tarapyndan Altyn Asyr etrabynyň Döwletli obasynda we Sarahs etrabynyň dolandyryş merkezinde guruldy.
Döwletli obasynda 640 orunlyk täze mekdebiň iki gatly binalarynyň dördüsinde döwrebap mekdep mebeli goýlan giň okuw otaglary, uzaldylan tertip boýunça sapaklary geçmek üçin jaýlar, lingafon otaglar, himiýa, fizika, biologiýa, maglumatlar boýunça barlaghana we kompýuter enjamlary, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen okuw otaglary ýerleşýär.
Bularda zähmet okuwy üçin ussahanalar, toparlar boýunça tälim berilýän jaýlar, sport we mejlisler zaly, naharhana bar. Mekdebiň aýdym-saz öwredilýän otagy we giň kitaphanasy okatmagyň döwrebap talaplaryna hem-de ýaş nesli estetiki we intellektual taýdan terbiýelemegiň wezipelerine doly laýyk gelýär.
Mekdebiň daş-töweregi abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi. Ona agaç nahallary we güller bezeg berýär. Bu ýerde futbol we basketbol oýnalýan meýdança, tennis korty bar. Ýylatmak, elektrik energiýasy we suw bilen üpjün edýän özbaşdak ulgamlar işledilýär.
Sarahs şäherçesinde 600 orunlyk täze mekdepde-de ýaş nesli intellektual, döreldijilik we beden taýdan hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ähhli zerur şertler döredildi. Esasy 3 gatly jaýdan we iki gatly blokdan ybarat bolan täze binada mekdebiň maksatnamasy boýunça we esasy okuwdan daşgary sapaklary geçmek üçin ýöriteleşdirilen okuw otaglary bar, bular döwrebap barlaghana we kompýuter enjamlary bilen üpjün edildi. Şeýle hem zähmet sapagy boýunça okuw otaglary bar, şolarda oglanlara agajy we metaly işläp bejermek, gyzlara bolsa tagam taýýarlamak we tikinçilik işi öwredilýär.
Sportuň dürli görnüşleri, şol sanda basketbol, woleýbol, futbol, gimnastika bilen meşgullanmak üçin giň zallar bar. Mekdebiň durmuşyndaky möhüm ähimiýetli wakalar dabaraly çäreleri, konsertleri we çeper höwesjeňleriň sahnalaşdyran oýunlaryny guramak üçin zerur bolan zatlar bilen üpjün edilen zalda geçiriler.
Şu gün ulanmaga berlen mekdepleriň her biri özboluşly binagärlik we inženerlik çözgütleri bilen tapawutlanyp, öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly guruldy hem-de welaýatyň ilatly oba ýerleriniň binagärlik keşbiniň bezegine öwrüldi.
Täze binalary ulanmaga bermek bilen bagly dabaralar welaýatyň we etraplaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, köp sanly ýerli ýaşaýjylar, şeýle hem täze mekdepleri guranlar gatnaşdylar. Tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Dabaralara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmenistanlylaryň ýaş nesli barada içgin alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap okuw mekdepleriniň yzygiderli ýagdaýda ulanmaga berilmeginiň milli Liderimiziň durmuşa gönükdirilen we öňdengörüjilikli syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýän mysal bolup durýandygyny aýratyn bellediler.
Döredijilik toparlarynyň çykyşlary, oba ýaşlarynyň – döwrebap bilimler köşkleriniň eýeleriniň joşgunly aýdymlary we goşgulary bu dabaralara özboluşly öwüşgin çaýdy.