Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Statistika baradaky Döwlet komitetiniň ýanynda döredilen Statistika boýunça pudagara geňeşiň nobatdaky mejlisi boldy. Oňa Geňeşiň agzalary we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň degişli jogapkär işgärleri gatnaşdylar.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşi, giň möçberli durmuş ulgamyna degişli maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi milli statistikanyň hem mundan beýläk-de ösdürilmegi göz öňünde tutulýar. Şu jähetden döwlet häkimiýetiniň guramalaryny we dolandyryş pudaklaryny hem-de beýleki sarp edijileri ýurdumyzyň hem-de onuň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşi hakynda halkara ülňülerine laýyk gelýän statistiki maglumatlar bilen üpjün etmek üçin gazanylan netijeleriň binýadynda statistika edaralyrynyň işini kämilleşdirmek häzirki döwürde Türkmenistanda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýlip bellenildi.
Ýurdumyzda statistika işini utgaşdyrmakda, statistika usullarynyň pudagara meselelerini kadalaşdyrmakda we pudaklaýyn statistikany alyp barmagyň meýilnamalaryny ylalaşmakda döwlet statistikasyny guramak üçin geňeşçi gurama bolup durýan Statistika boýunça pudagara geňeşine bu pudakda alnyp barylýan özgertmeler işinde möhüm orun degişlidir. Bir bitewi statistik klassifikatorlary ulanmak ulgamynda, maglumatlaryň bütewi ulgamyny döretmekde, maglumatlary ýygnamagyň we olary işläp taýýarlamagyň zaman usullaryny ösdürmekde pudagara hyzmatdaşlygy berkitmek üçin teklipleri taýýarlamak, ministrliklerde we pudaklaýyn edaralarda statistikany alyp barmagyň meýilnamalaryna seretmek Geňeşiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.
Geňeşiň agzalary statistika işine 2014-nji ýylyň başyndan ykdysady işleriň görnüşleriniň Döwlet klassifikatorynyň täze nusgasynyň ornaşdyrylmagy bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle hem mejlisiň barşynda maglumatlary edara ediş çeşmelerinden almak, almak barada Pudagara ylalaşygyň taslamasyna statistika ulgamyndaky hünär bilimlerini bermegiň ugurlaryny giňeltmek hakyndaky tekliplere seredildi. Pudaklaýyn statistika boýunça uly möçberli işleri alyp barýan käbir ministrliklerde we pudak edaralarynda statistiki hasaba alyş bölümlerini döretmegiň maksada laýykdygy hakyndaky mesele duşuşygyň esasy mowzuklarynyň biri boldy.
Mejlisiň jemleri boýunça degişli çözgüt kabul edildi. Mejlise gatnaşyjylaryň pikirine görä, kabul edilen çözgütler statistika edaralarynyň statistika maglumatlar berijiler hem-de statistika habarlary peýdalanyjylar bilen ikitaraplaýyn arabaglanyşygyny has netijeli ýola goýmak arkaly milli statistikanyň ösdürilmegine ýardam eder.