Ï Goraghanalardaky haýwanlaryň oňat hilli gyşladylmagy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Goraghanalardaky haýwanlaryň oňat hilli gyşladylmagy

view-icon 1630
Bu ýylky gyş özüniň täsinligi bilen tapawutlandy – gyş paslynyň ilkinji iki aýynyň maýyl howasyndan soňra türkmen gyşy düýpgöter üýtgedi. Bir günüň içinde uly minus temperaturaly garly-aýzly howa öwrüldi.

Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Ösümlik we haýwanat dünýäsi müdirliginden habar berişleri ýaly, goraghananyň işgärleri gyş pasly başlanmazdan ozal gyşa taýýarlyk işlerini öňünden gördüler. Enjamlar, inwentarlar, tehnikalar öňünden gözden geçirildi we olar täzelendi, goraghanalardaky haýwanlary aýazly howalarda iýmitlendirmek üçin iým we bedeler öňünden taýýarlandy.



Jerenleriň ýaýran ýeri bolan Ogurjaly kiçi goraghanasynyň çäklerinde haýwanlaryň ýaz paslyna çenli iýmitlenmekleri üçin iým we ot-çöpler ýeterlik derejede toplandy. Bu kiçi goraghanasyny öz düzümine alýan Hazar goraghanasynyň işgärleri üçin oňaýly bolar ýaly, materikden gerek bolan zatlaryň ählisi bu ada öňünden getirildi. Şeýle hem Amyderýa, Repetek, Sünt-Hasardag we Gaplaňgyr tebigy gorhanalarynyň goldaw bermeklderinde çöl pürli ösümliklerini dört müň töweregi nahallary hem-de adada ekmek üçin galofitleriň tohumlary getirildi. Olar çöl akasiýalaryndan, gündogar igdesinden, ýylgyndan, ak we gara sazaklardan, dereklerden, nardan ybaratdyr. Bu ýerleriniň toprak-howa şertlerine üstünlikli uýgunlaşmaklarynda olar bu adanyň doly hukukly ýaşaýjylary, şeýle hem bu ýerde ýaşaýan ýabany toýnaklylar üçin oňat hilli iým bolarlar.



Ýurduň demirgazygynda, Gaplaňgyr tebigy goraghanasynda, gyş pasly öňden bäri dowam edip gelýär, bu ýerleri hakyky minus temperaturaly “sibir” aýazyna öwrüldi. Arktikanyň howasy dürli gazlaryň we öredkleriň gyşlaýan ýeri bolan kenarýaka suwlaryny gurşap aldy. Bu ýerde hem goraghananyň işgärlerisuw guşlarynyň toplanýan ýerlerini öwrenmek bilen, ýörite iýmlendirilýän ýerleri gurdular hem-de guşlaryň gyşlaýan ýerlerini we olaryň ýagdaýlaryny hemişe gözegçilikde saklaýarlar. Bu ýerde ýabany toýnaklylar hem ýaşaýarlar, edil goýun sürüleri ýaly, gyş pasly ýabany haýwanlar üçin hem möhümdir. Ýaz paslynda bu ýerde oälak-guzy almak möwsümi geçirilýär – keýikleriň, gulanlaryň, aýraklaryň we saýgaklaryň owlaklary we çagalary dünýä inýärler. Olaryň soňkylary biziň ýurdumyza demirgazykdan geldiler.

Günorda, Amyderýa tebigy goraghanasynyň çäklerinde sugunlary iýmitlendirmek üçin iým taýýar edildi. Bu ýerde güýz paslynda ýabany otlardan taýýarlanan bedelerden iýmitlik taýýarlanyldy. Keýikler we dag goçlary hemme ýerde - özleriniň gezýän ýerlerinde ýa-da gatnaýan ýodalarynyň ugrunda iýmitlik bedeleri taparlar. Şular ýaly işleri beýleki döwlet goraghananyň – Köpetdag, Köýtendag, repetek we täze – “bereketli Garagum” tebigy goraghalaryň işgärleri hem geçirýärler.