Ï Döwlet baýdagy – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet baýdagy – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz

view-icon 2159
>“Döwlet baýdagy – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” – ine şeýle at bilen Halkara nebit we gaz institutynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary bilen bir hatarda ýurduň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary hem gatnaşdylar.

Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp geçirilen maslahatyň işi umumy we alty sany bölümçelerde geçirildi. Umumylykda çykyş etmeleriň bir ýüz ýigrimä golaý çykyşlar diňlenildi.

Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakda bilim ulgamynda innowasion özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak bilen baglanyşukly meseleler üns merkezinde boldy. Bu ýokary okuw mekdebiniň münberinden okatmagyň hazirki zaman, dünýä ülňülerine laaýyk gelýän usullary barada çykyşlar ýaňlandy.

Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetini, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyny, Türkmen döwlet energetika institutyny, S.Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutyny, Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetini, Türkmen milli konserwatoriýasyny, Aşgabadyň Indira Gandy adyndaky lukmançylyk uçilişesini, Aşgabadyň A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk uçilişesini, paýtagtyň we Daşoguzdaky oba hojalyk ýokary okuw mekdepleriniň ikisini, şeýle hem beýlekileri maslahata “toparlaýyn” gatnaşyjylaryň uly sanawynda görmek bolýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlap ýokary okuw mekdepleriniň fakultetleriniň arasynda bäsleşigi guramak barada eden teklipleri esasy üns merkezinde boldy. Bu bäsleşigiň dowamynda talyplar diňe bir özleriniň geljekki hünärleriniň esaslaryny gowy bilýändklerini görkezmän, eýsem köp ugurly döredijilik zehinlerini hem görkezmegi başardylar.