Aşgabatda we welaýatlaryň merkezlerinde kommersiýa kärhanalary üçin Milli standart maliýe hasabatlylygy (MSMH) boýunça iki hepdelik okuwlar geçirildi.Bu okuw çäresi Makroykdysady taslamanyň çäklerinde ABŞ-nyň “Сhevron” kompaniýasynyň goldamagynda Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň, Türkmenistanyň Ykdysadçylar birleşmesiniň we ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça gullugynyň bilelikde amala aşyrýan nobatdaky başlangyjy boldy.
Umuman, ýurduň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň wekilleriniň üç ýüze golaýy bu ýörite okuw sapagyna gatnaşdylar
Bu ýörite okuw sapagyny guraýjylaryň belleýişleri ýaly, ýurtda buhgalter hasabatyny özgertmelriniň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin Türkmenistanyň hökümetine ýardam bermek bu okuw maslahatynyň maksady boldy. Mälim bolşy ýaly, onuň möhüm bölegi, öz nobatynda, ýokary halkara meňzeşliklerine esaslanaýan milli standart hasabatyna geçmek bolup durýar.
Öz düzümine buhgalter hasabatyny ýöretmegiň täze standartlaryň iň wajyp nukdaýnazarlaryny alýan bu okuw USAID-ň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan okuw gollanmasy esasynda geçirildi. Okuwyň dowamynda oňa gatnaşyjylar buhgalter hasabatyny ýöretmegiň häzirki hasabatyndan MSHM ulgamyna geçmeegiň esasy tapgyrlary bilen tanyşdyryldy. Şol sanda maliýe hasabatlylygyny ykrar etmek we baha bermek ugurlary, maglumaty açmaga bildirilýän talaplar, şeýle hem maýiýe hasabaty berlende kämil buhgalterçilik garaýyşlary ulanmak ýaly temalar öwrenildi.
Makroykdysady taslama tehniki taýdan ýardam bermegiň çäklerinde öňde duran köpçülikleýin treningler üçin USAID Milli standart maliýe hasabatlylygy boýunça ýene-de okuw goldanmalarynyň ikisini işläp taýýarlaýar. Oňa döwlet büjet guramalarynyň we edaralarynyň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň hünärmenleri gatnaşarlar.