Ï Ylymlar akademiýasy ylmy-gözleg taslamalarynyň bäsleşigini yglan etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ylymlar akademiýasy ylmy-gözleg taslamalarynyň bäsleşigini yglan etdi

view-icon 1208
Türkmeistanyň Ylymlar akademiýasy ýurduň ministrlikleriniň we edaralarynyň eden tekliplerini çözmäge gönükdirilen ylmy-gözleg taslamalarynyň bäsleşigini yglan etdi.

Umumylykda, ekologiýa, alternatiw energetika, tehnologiýalar we maddy önümçilik meseleler boýunça we beýleki ulgamlary öz içine alýan temalaryň 14-si düzüldi.

Şeýlelikde, alymlara “Altyn asyr” türkmen kölüniň we onuň kollektorlarynyň netijeli ulanmaklygy ýokarlandyrmaga, suw we ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça esaslandyrylan teklipleri işläp taýýarlamak teklip edilýär. Hazar deňziniň we onuň kenarlarynyň ekologiýa ýagdaýyny toplumlaýyn öwremeklige, Köýtendagyň tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanamagy öwrenmek we ylmy esaslaryny işläp taýýarlamaklyga, gaýtadan işlenilýän serişdeleri arassalamagyň tehnologiýasyny işläp taýýarlamaklyga we daşky gurşawa zyňylýan zyýanly maddalaryň öňüni almaklyga hem hünärmenleriň ünsi çekilendir.

Şeýle hem polikarbanatlary almagyň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, kompozit materiallary döretmek we ýerli çig maldan dürli gurluşyk önümlerini öndürmek, kremniý esasynda ýokary spektral duýgurly düýbünden täze fotoelementleri taýýarlamagyň usuly sanawa goşulandyr. Gurak zolaklar şertinde elektrik üpjünçilik desgalary üçin niýetlenen integrirlenen synag gün-ýel energiýa toplumyny döretmek, ýangyjyň ekologiki taýdan arassa görnüşleriniň önümçiliginiň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak, biologiki işjeň maddalary we bioýangyjy almak boýunça biotehnologiýalary işläp taýýarlamak wajyp ugurlar bolup durýar.

Merkezi metbugatda çap edilen bildirişe laýyklykda, ylmy temalaryň ýolbaşçylarynyň ylmy ýa-da ylmy- pedagogiki tejribesi-stažy azyndan 10 ýyl, şeýle hem alymlyk derejesi ýa-da alymlyk ady bolmalydyr.