Ï Microsoftyň goldamagynda innowasiýalar bilim pudagyna ornaşdyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Microsoftyň goldamagynda innowasiýalar bilim pudagyna ornaşdyrylýar

view-icon 1124
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda okuw maslahaty geçirildi. Bu maslahatyň geçirilmegi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we dünýäde innowasion kopýuter tshnologiýalarynyň dürli görnüşleri üçin programmalaýyn üpjünligi öndürýän amerikanyň iri korporasiýalarynyň biri bolan Mikrosogtyň nobatdaky bilelikdäki başlangyjy boldy

Ýokary tehnologiýalar asyrynda bu korpoasiýanyň hyzmatlarynyň we önümleriniň giň zerurulygy biziň ýurdumyzda onuň wekilýetini döretmek baradaky çözgüdi bolup durýar. Sebäbi, bu günki gün, bilim berýän edaralaryň ählisinde innowasiýon bilim ösgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagynyň çäklerinde, okuw işleriniň kämilleşdirilmegine şertleri döredýän öňdebaryjy interaktiwler, şol sanda multimediýa kompýuter ulgamlary, işjeň ornaşdyrylýar.


Microsoftyň öwrediş başlangyçlary biziň ýurdumyzda iki ýyl mundane öň orta bilim berýän mekdepleriň mugallymlary, ýokary we orta hünär berýän okuw mekdepleriniň mugallymlary, şeýle hem beýleki bilim gurluşlaryň hünärmenleri üçin maslahat geçirmekden başlandy.

Göreldeli däbe eýerilip, ýakynda Aşgabat nobatdaky maslahatyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Onuň jemleri boýunça diňleýjileriň 60 adamdan ybarat bolan uly toparyna Microsoft korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen okuw sapaklaryny tassyklaýan ýörite şahadatnamalary gowşuryldy.