Ï Gowaça damjalaýyn usulda suwarylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gowaça damjalaýyn usulda suwarylýar

view-icon 1712
Ýolöten şäherindäki Pagtaçylyk ylmy-barlag institutynda gowaçany damjalýyn usulda suwarmagy özleşdirmek alnyp barylýar. Murgap sebti üçin täze bolan bu usul YBI rejribe ekin meýdanlarynda bir ýyl bäri syngdan geçirilýär. Şu ýylky möwsümde damjalaýyn usulda suwarmak işleri 25-nji maýdan başlanar. Oňa çenli gowaça ekilen meýdanlarda dürli görnüşli oba hojalyk tehnikalary we asma enjamlary bilen bagly möwsümleýin işleriň ählisi tamamlanar. Eýýäm üçünji iýuldan başlap, ilkinji suwaryş işleri geçiriler. Damjalaýyn usulda suwarýan enjam takmynan 20-nji awgusta çenli – gowaça doly hasyla durýança işlär.


Enjamyň ilkinji ýylynyň işiniň jemleri onuň ygtybarlydygyny görkezdi. Şu döwürde alty gektarlyk ekin meýdanynda 3500 kubmetr suw harç edildi. Şol wagtda adaty usulda – keşleýin suwaryşda bäş müň kubmetr suw sarp edildi. Synag meýdanynda tygşytlanan suw bir ýarym müň kubmetr boldy. Mundan hem başga, damjalaýyn usulda suwarylan ekin meýdanlarynyň her gektarynyň hasyllylygy beýleki usulda suwarylana garanyňda on sentner köp boldy.