Ï Ahalteke atçylygy boýunça kitap gaznasy döredildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahalteke atçylygy boýunça kitap gaznasy döredildi

view-icon 2004
Şu gün ýurdumyzda giňden bellenýän Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasynda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginde atçylyk boýunça ýöriteleşdirilen kitaphananyň açylyşy boldy.

Täze kitaphananyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň wekilleri, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda köpsanly daşary ýurtly myhmanlar—Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem bar, olar bu guramanyň IV mejlisine, şeýle hem halkara sergi-ýarmarkasyna we Türkmen bedewiniň baýramçylygyna bagyşlanan “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara VI ylmy maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler.

Pudagyň köpsanly hünärmenleri tarapyndan isleg bildirilýän kitaplaryň bu häzirki zaman toplumynyň peýda bolmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm alamatydyr, şonda atçylygy ösdürmäge, bu pudak bilen baglanyşykly gadymy däp-dessurlary we urp-adatlary gaýtadan dikeltmäge möhüm ähmiýet berilýär.

Kitaphananyň baş bölümleriniň birini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary düzýär.

Dünýä halklarynyň dillerine terjime edilen “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitap bu bölümde esasy orny eýeleýär. Milli Liderimiziň “Janly rowaýat”, “Älem içre at gezer”, “Ösüşiň täze belentliklerine tarap”, köp jiltli “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplary, şeýle hem ýakynda çapdan çykan, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy hakynda döwlet Baştutanymyzyň aýdanlarynyň ýygyndysyndan ybarat bolan “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitap bu ýerde görkezilýär.

Dabara gatnaşyjylar “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň muzeýiniň gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi bilen hem tanyşdylar. Bu ýerde gymmatly sport sowgatlary – türkmen ussatlary – çapyksuwarlary tarapyndan atçylyk ýaryşlarynda gazanan baýraklary, şeýle hem suratkeşler we heýkeltaraşlar tarapyndan döredilen, “behişdi bedewleriň” gözelligini wasp edýän sungat eserleri görkezildi. Türkmen ussatlarynyň –bedewleriň esbaplaryny ýasaýanlaryň nepis önümleri daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma eýe boldy. Olaryň yhlasy bilen ajaýyp eýerler, jylawlar, çekiler we beýleki atçylyk esbaplary döredildi. Olar soňra zergärler tarapyndan bezeldi.

Häzirki zaman ýöriteleşdirilen kitaphananyň döredilmegi bilimleriň çeşmesi bolan kitaplara aýawly çemeleşmek boýunça asyrlardan bäri dowam edip gelýän milli däpleriň dowamydyr, onuň kitap saklanýan we okalga zallary üçin “Türkmen atlary” önümçilik birleşiginiň binasynyň tutuş bir gaty bölünip berildi. Gadymy döwürlerden bäri türkmenleriň kitaba mukaddeslik hökmünde garandyklary mälimdir. Olary eserdeňlik bilen gorap geldiler we nesilden – nesle geçirdiler. Häzire çenli saklanyp galan şol gymmatly kitaplaryň köpüsi döwlet kitaphana gaznalarynyň baýlygy bolup durýar.

Täze ýöriteleşdirilen kitaphanada seýrek duş gelýän kitaplaryň elektron görnüşleri saklanýar, munuň özi her bir okyja sähel pursatda özüni gyzyklandyrýan maglumatlary almagyna ýardam berýär. Kitaphananyň gaznalarynda atçylyk boýunça gadymy we seýrek duş gelýän kitaplaryň elektron ýygyndysyndan başga hem taglymlaýyn işleriň we žurnallaryň häzirki zaman elektron görnüşleriniň uly mukdary toplandy. Bu ylmy neşirler daşary ýurtlardan ýörite satyn alyndy. Elektron görnüşdäki kitaplardan başga-da, bu ýerde çap edilen kitaplaryň baý gaznasy bar. Olaryň hatarynda gymmatly neşirleriň ençemesi bardyr.

“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň kitaphanasy atçylyk boýunça ylmy-amaly edebiýatyň dünýäde iň köp saklanýan ýerleriniň biri bolar. Bu ýerden bedewleri seçip almak we ösdürip ýetişdirmek, olara ideg etmek, türgenleşdirmek we at çapyşyklaryna taýýarlamak boýunça ýöriteleşdirilen neşirleri tapmak bolar. Seýislerden, çapyksuwarlardan, weterinarlardan, biologlardan başga-da, ýokary okuw mekdepleriniň--Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň kitaphananyň iň işjeň okyjylary boljakdygy ikuçsyzdyr.

Ýagty we giň okalga zallary, Internete çykmak bilen kompýuter zallary bu ýere gelýänleriň ygtyýaryndadyr. Uly sekilerde kitaplar we diskler ýerleşdirilipdir.

Kitaphanada ylmy iş, makalalar, monografiýalar, diplom hem-de ylmy işleri ýazmak üçin, şeýle hem atçylyk boýunça täze kitaplary ara alyp maslahatlaşmak we okyjylar maslahatlaryny geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir. Dabara gatnaşyjylar çykyşlarynda ahalteke atçylygyny ösdürmek barada ýadawsyz tagalla edýändigi, bedewleriň özboluşly tohumynyň bütin dünýäde şöhratyny artdyrmak işinde döwlet tarapyndan hemişe goldaw berilýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine çäksiz hoşallyk bildirdiler.