Ï Ýaş ussatlaryň bäsleşigi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş ussatlaryň bäsleşigi

view-icon 1268
Ýurduň mekdepleriniň 7-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen ýaş ussatlaryň bäsleşigi tamamlandy. Bu Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň bilelikdäki çäresi zähmet endiklerini özleşdirýän ýaşlaryň müňlerçesini özüne çekdi.


Zähmet okuwy – mekdep durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Muňa, ilkinji nobatda, şular ýaly okuw sapaklaryny geçirmek üçin ýöriteleşdirilen, gerek zatlar bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ýerde çagalar tikin işleriniň we örmegiň, milli nagyşlary çekmekligi we haly dokamaklygy ele almak, şeýle hem zergärçilik we aşpezlik sungatyny, agaç ussasy we slesarçylyk işini we beýleki senetçilik kärleriniň ilkinji endiklerini ele alýarlar.


Aşgabat şäheriniň 88-nji umumy bilim berýän orta mekdebi gözden geçiriş çäresiniň geçirilýän ýeri boldy. Olaryň birinde gyzlar türkmen milli naharlaryny tagamly taýýarlamak, baýramçylyk saçagyny bezemek boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň beýleki tapgyrynda sahna edil ussahana öwrülen ýaly boldy. Bu ýerde eli çeper tikinçiler we gaýmaçylar, halyçylar we örüjiler jemlendi.


Şol bir wagtyň özünde oglanlar zähmet gurallaryny ýasamaga, olaryň kömegi bilen bolsa – durmuş we mebel predmetlerini, şol sanda hem oturgycjagazlary we kürsüjikleri ýasamaga ähli başarnyklaryny jemlediler.

Iň gowy toparlary saýlap almak emin agzalaryna ýeňil düşmedi. Olar diňe bir oglanlaryň hünär ussatlygyna we endiklerine baha bermän, eýsem tehniki howpsuzlygyny, şahsy arassaçylygy berjaý edişlerine hem baha berdiler.

Başda, bäsleşigiň düzgünine laýyklykda, baýrakly üç topary saýlap almak meýilleşdirilipdi. Ýöne bäsleşige gatnaşyjylaryň köpüsiniň üstünlikleri haýran galdyryjy bolup, ýeňijileriň sanyny bäşe ýetirmeli boldy.