Ï Hünärmenler ekişiň goraglylygyny üpjün ederler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hünärmenler ekişiň goraglylygyny üpjün ederler

view-icon 1775
Gowaça ekişine sanalgyja günler galdy. Pagtaçylaryň işine Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikleri goraýyş gullugynyň hünärmenleri çekildi. Geljekki hasylyň himiki we biologiki mümkinçiliklerini özünde birleşdirýän goragyň integrirlenen usuly ulanylýar.

Gowaça ekişiniň öňüsyrasynda Ösümlikleri goraýyş gullugy Pagtaçylyk ylmy-gözleg institutynyň alymlary bilen bilelikde adata öwrülen okuw maslahatlarynyň tapgyryny geçirdiler. Bu okuw maslahatlarynda biobarlaghanalaryň we biofabrikleriň öňde duran oba hojalyk möwsümine taýýarlygy we gowaçany zyýan beriji mör-möjeklerden goramagy kämilleşdirmek, olary ýüze çykarmagyň we işjeňliginiň aýratynlyklaryny öwrenmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Biologiki usul ekologiki taýdan howsuzdyr we ykdysady taýdan bähbitlidir, pagtaçylara peýdaly mör-möjekler – entomofaglar kömege gelýärler. Olar gabrobrakon, trihogrammalar we gyzyl gözlijeler diýlip atlandyrylýar. Olaryň ilkinjisi zyýan beriji kebelek gurçuklaryny, ikinjisi – olaryň tohumyny, soňkylary bolsa ösüşiň iki tapgyryny hem iýýärler. Entomofaglary öndürmek bilen meşgullanýan biobarlaghanalaryň we biofabrikleriň 379 işe taýýar edilýär. Olaryň ählisi hem gullugyň düzümine girýär, şeýle hem olar “Türkmendökün” DK, daýhan birleşiklerine, “Türkmenpagta” DK degişlidir.

Gowaçanyň tohumlary ekilmezinden öňürti ýurduň iri pagta arassalaýjy kärhanalarynda bar bolan ýörüne liniýalarda gaýtadan işlenilýär. Bu ösümligi irki ösüş döwründe ygtybarly goraýar. Gowaça yssy şertlerde ösmek bilen, kesellere duçar bolmaýar, ýöne olar zyýan beriji mör-möjeklerden goralmaga mejbur bolýarlar. Olaryň esasy bolsa – gowaça sowkasydyr, şeýle hem gowaçanyň baldagynyň we emele gelýän gozasynyň “suwuny” içýän ýorunja we meýdan bitidir. Gowaçany goramak işleri onuň işjeň ösüp, boý alýan döwründen tä gozasy bişip ýetişýänçä alnyp barylýar.

Gowaçany goramak üçin ulanylýan peýdaly mör-möjekler gowaça ekilen meýdanlaryň ähli ýerinde ulanylýar, ekinler gazanylan netijeleri berkitmek üçin birnäçe gezek gaýtadan işlenilýär. Zyýan beriji mör-möjekleriň bar meýdanlarynda gözleg işlerini alyp barmak, şeýle hem gowaça we bugdaýa, beýleki ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinlerine bu ugurda işleri guramak üçin barlaghanalar enjamlar bilen üpjün edilendir.

Şeýle hem bu gullugyň işgärleri güýzlük bugdaýy kesellerden we zyýanly mör-möjeklerden goramak boýunça hem işleri alyp barýarlar. Gögerişiň irki döwründe keseller bilinen halatynda ýörite serişdeler arkaly oňa garşy işler geçirilýär. Gullugyň hünärmenleri güýzlük bugdaýa gögerip başlandan hasyl ýetişýänçä gözegçilik edýärler. Bugdaý ekilen meýdanlaryň esasy zyýan beriji mör-möjekleri çerepaşka biti we ösümlik biti, kesellerden bolsa – sary we gyzylymtyl-goňur pos, ak düşme bolup durýar. Olar öz wagtynda ýüze çykarylyp, zyýansyzlandyrylýar.

Ekin ekilen meýdanlar örän giňdir. Şonuň üçin hem gullugyň hünärmenleri hemişe meýdanda bolmaly bolýarlar, barlag üçin nusgalyk alýarlar we ekinlere gözegçilik edýärler. Ekiniň ösüp, boý almagyna we hasyl toplamagyna zyýan berýän hapa-haşal otlara garşy göreş işleri alnyp barylýar. Gök we miwe ekinlerini kesellerden we zyýan beriji mör-möjeklerden goramak işleri alnyp barylýar, çekirtgelere garşy çäre görmek işleri hem yzygiderli alnyp barylýar.

Toprakda mör-möjekleriň gyşlaýan görnüşleriniň bardygyny ýüze çykarmak üçin meýilleşdirilen gözleg işleri alnyp barylýar. Şeýle usullar oba hojalyk ekinlerinde zyýan beriji mör-möjekleriň keselleri döretmäge bolan işjeňligini ýa-da olaryň ekinlere “çozuşyny” öňünden bilmäge kömek edýär. Gullugyň çaklamalaryna baglylykda öňde duran oba hojalyk möwsümine işleri ýola goýmaga, ekinleri goramak boýunça gerek bolan çäreleriň kesgitli möçberini geçirmäge taýýarlyk görmäge mümkinçilik berýär. Işler ýeri we ösümçilikliligi peýdalanmagyň berk ekologiki kadalaryna laýyk alnyp barylýar. Bu ugurda ýüze çykarylan kesellerdir zyýan beriji mör-möjekler işiň esasy üstünligi bolup durýar. Bu bolsa ahyrky netijede ekinleriň sagdyn boý alyp, bol hasyl toplamaklaryna we olardan göwün diýen hasylyň almaga şertleri döredýär.