Ï Birinji synp okuwçylary noutbuklary sowgat alarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birinji synp okuwçylary noutbuklary sowgat alarlar

view-icon 1475
2015-2016-njy okuw ýylynda ýurduň orta okuw mekdepleriniň birinji synpynyň okuwçylary kompýuterleri-noutbuklary sowgat alarlar. Bu maksatlar üçin Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi «Lenovo S20-30» noutbuklaryň 123 müňden gowragyny satyn alar.

Birinji synp okuwçylary üçin kompýuterleri satyn almak hakynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Karara gol çekdi. Bu resminama ýaş nesliň häzirki zaman bilimlerini almaklarynda oňaýly şertleri döretmek, olaryň kompýuter sowatlylygyny artdyrmak maksady bilen kabul edildi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda biriniji synp okuwçylaryna şahsy kompýuterleri sowgat bermek gowy däbe öwrüldi. Okuw döwründe iň täze kompýuterleriň we multimediýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, şeýle hem çagalaryň okuwa bolan höwesini artdyrmaga özüniň oňaýly täsirini ýetirýär.