Ï Paýtagtyň çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze möwsümi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtyň çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze möwsümi açyldy

view-icon 2569
Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze möwsümi uly baýramçylyk konserti bilen açyldy. Köşgüň gurnaklarynyň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde konsertde tanslar, aýdymlar we gülkili sahnalar ýerine ýetirildi. Olaryň çykyşlaryna ene-atalar, dostlary we synpdaşlary tüýs ýürekde el çarpyşdylar. Konsert gurnaklara gatnaşýan okuwçylaryň ýerine ýetiren we taýýarlan haly önümleriniň, žiwopis eserleriniň, tiken we ýasan önümleriniň fonunda geçirildi. Ýaş hudožnikler edil şu ýerde özleriniň surat çekilýän tagtalarynyň üstünde bu ýere ýygnanlaryň gözleriniň alnynda öz eserlerini döretdiler. Bir söz bilen aýdanyňda, şol gün bu ýerde gurnaklara gatnaýan okuwçylaryň her birine zehinlerini görkezmäge mümkinçilik boldy.

Çagalar we ýetginjekler köşgüne bir ýarym müň çaga gatnaýar. Ýöne möwsümiň açylan gününde bu ýere gelen çagalaryň sany has hem köp boldy. Sebäbi olaryň köpüsi bu Köşge ilkinji sapar gelip, özleri üçin haýsy gurnaga gatnamalydygyny kesgitlediler.


- Çagalary biz saýlap alamyzok, onuň tersine, çagalaryň özleri bizi saýlap alýarlar diýip, usulýetçi Nargül Annaorazowa gürrüň berýär. Eger-de çaga bir gurnaga ýazylsa, soňra başga bir gurnaga gatnasa ýa-da birnäçesine gatnasa – bu ýagdaý bizde adaty ýagdaý diýlip hasap edilýär.

Meselem, “Kompýuter sowatlylygy” we “Iňlis dili” gurnaklaryna isleg bildirýänleriň sany örän köp. Bu meşhur gurnaklar 3 topar boýunça Köşkde açyldy we 80-nji we 31-nji mekdeplerde bir topardan açyldy.

- Biz gurnaklara gatnaýan çagalaryň geçilýän sapaklardan kanagatlanmaklary üçin olara maglumatlary bermegi oýun görnüşinde guramaly – diýip, “Iňlis dili” gurnagynyň ýolbaşçysy Irina Petrosýan aýdýar. – Çagalaryň meşgullanýan programmasy mekdep programmasy bolup durýar, ýöne çagalary toparlara bölmek ýaşy boýunça geçirilmän, bilimleri boýunça geçirilýär. Haçan-da uly synpdaky okuwçylar bilen ikinji synp okuwçysy bile okasa ol bizde aýyp hasap edilýär. Gurnaklaryň ýokary synp okuwçylaryna baha goýulmaýar, çagalar bolsa gowy jogaplary üçin höweslendiriji ýyldyzjygyny alýarlar.


Beýleki uly isleg bildirilýän gurnaklaryň biri hem tans gurnagydyr. “Şatlyk”, “Gyzyl güljagaz”, “Akpamyk” ýaly tans toparlarynyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda hem meşhurlyk gazanmaklary Çagalar we ýetginjekler köşgüniň tansçylarynyň tans etmekde gazanýan üstünliklerine şaýatlyk edýär. Bu tans toparlarynyň tansçylarynyň durmuşy her günki taýýarlyklardan, gastrollardan, döwlet we halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşmaklaryndan, festiwallara gatnaşmaklaryndan doludyr.

Aýdym gurnagynyň aýdymçylary şäheriň köçelerinde diňe bir çagalar tarapyndan tanalman, eýsem ulular tarapyndan hem tanalýar. Olaryň tebigy taýdan ajaýyp sesleri, artistlik ukyplary bardyr. Dogabitdi zehinleri ösdürmäge we beýan etmäge bolsa çagalar we ýetginjekler köşgi kömek etdi. Gyzlaryň köpüsini el işleri özüne çekýär, olara haly dokamak, örmek, gaýma gaýamak, köýnek biçmek we tikmek gurnaklarynda garaşýarlar. Şekillendiriş sungaty bilen meşgullanmak isleýän oglanlara bolsa - surat çekmek we şekil ýasamak gurnagynda garaşylýar. Diňe oglanlar meşgullanmaly gurnaklar hem bar, meselem, dogabitdi pälwanlar üçin, şeýle hem özlerinde pälwanlyk häsiýetlerini taplamak isleýänler üçin gurnaklar bardyr. “Milli göreş” toparlarynyň üçisi açyldy.


Bu ýere täze gelenler üçin ilkinji aý synag aýy bolup durýar. Ýa-da olar sapaklara uly gyzyklanma bildirip, täze gelen diýdirmezlige çalyşýarlar, olaryň käbiri gyzyklanmalaryny gaçyryp gurnaga gatnamaklaryny bes edýärler. Bu ýagdaýyň ikinjisiniň gaýtalanmazlygy üçin ýa-da olaryň örän seýrek bolmagy üçin bu ýerde çagalaryň gurnaklara örän höwesli gatnamaklary üçin gurnagyň ýolbaşçysynyň abraýynyň, sylagly bolmagynyň ähmiýeti örän ulydyr. Şeýle ýolbaşçylar diňe bir Çagalar we ýetginjekler köşgünde uly abraýdan peýdalanman, eýsem olar döwlet derejesinde hem uly abraýdan peýdalanaýarlar. “Şatlyk”, “Gyzyl güljagaz”, “Akpamyk” tans toparlarynyň üçisi hem edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda geçirilen “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi boldular. Olaryň ikisiniň ýolbaşçylaryna – Wera Koçiýewa we Ýelena Annadurdyýewa bolsa “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” diýen hormatly ar berildi.

Täze möwsümiň dabaraly ýagdaýda açylmagynyň ýene bir aýratynlygy – hut şol günüň özünde gurnaklara täze gatnap başlanlaryň sany has hem köp boldy. Çagalar we ýetginjekler köşgi öz borçlaryny ýerine ýetirýär – çagalaryň has hem bilimli, güýçli, zehinli bolmaklaryna kömek edýär.