Türkmenistanda ozon gatlagyny döwüji maddalary (OGDM) peýdalanmakdan tapgyrlaýyn boýun gaçyrmak babatda anyk ädimler ädilýär. Ýurtda 1993-nji ýylyň Wena konwensiýasynyň we 1994-nji ýylyň Monreal protokolynyň tassyklanany bäri Türkmenistanyň Monreal protokolynyň düzedişleriniň ählisini kabul etmegi, ulgamy girizmegi, kämilleşdirmegi we herekete getirmegi, OGDM we olaryň düzüminde bar bolan önümleri girizmegi we çykarmagy çäklendirmegi esasy gazanan üstünligi boldy. Ýurt Monreal protokolyny we onuň ähli düzedişlerini ýerine ýetirmek kadasynda işleýär. Monreal Protokolyny ýerine ýetirmek boýunça işleriň irki döwründe onuň A, B we ÝE goşundylary boýunça OGDM-de meýilleşdirilenleri ulanmakdan doly aýryldy. 2010-njy ýylda Türkmenistanda gidrohlorftoruglerodlaryň OGDM indiki tapgyryndan ýuwaş-ýuwaşdan aýyrmak boýunça 2012-2020 ýyllar döwür üçin Döwlet maksatnamasy işlenilip taýýarlanyldy.
Wena konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bellenilýän ýylynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň ýanyndaky Aşgabatdaky Ozon merkezi häzirki we geljekki nesil üçin ozon gatlagynyň saklanyp galmagynyň möhüm ähmiýetiniň bardygy barada jemgyýetçiligi habardar etmekligi ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlady.
Merkeziň işgärleri iýun we awgust aýlarynda Gökderede ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezlerinde «Ozon gatlagyny 30 ýyllap bilelikde dikeldýäris» we «Ozon: bizi ultramelewşe şöhlesinden goraýan ýeke-täk gatlakdyr» ady bilen okuwçylaryň arasynda gyzyklanma bildirilýän görnüşde birnäçe sapaklary geçirdiler. Şeýle hem Ozon merkezi tarapyndan sentýabr aýynyň birinji ýarymynda Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň ekologiýa, gidrometeorologiýa we geografi hünärleri boýunça 2-5-nji ýyl talyplarynyň arasynda «Ozon gatlagyny döwýän maddalar barada Monreal protokolynyň we Howanyň üýtgemegi boýunça Kiot protokolynyň arasyndaky özara baglanyşyk» temasy boýunça bäsleşik geçirildi. Ýeňijileri sylaglamak Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanyp geçirmek bellendi.