Hünär kämilleşdiriş okuwy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkemn assosasiýasynyň arasynda 2013-nji ýylda baglaşylan Memorandumyň çäklerinde hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş alymlary goldamak baradaky gaznasynyň ýardam bermeginde geçirildi.
Türkmen alymlary okuwyň birinji aýynda Ýaponiýanyň meşhur alymlarynyň nanotehnologiýalar, biotehnologiýalar, himiýa, oba hojalygy, energetika we beýleki ugurlar boýunýa çykyşlaryny diňlediler. Iňlis we ýapon dillerinde okuw sapaklary guraldy.
Biziň hünärmenlerimiz hünär kämilliginiň soňky iki aýynda öz ylmy ugurlary boýunça ýokary okuw mekdepleriniň ýanyndaky ýörüteleşdirilen barlaghanalarynda hünär kämilligini geçdiler.
Şeýlelikde hünärmenleriň bir topary Tokionyň Uniwersitetiniň binýadynda hünär kämilligini geçdiler. Bu ýerde innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly çägeden kremniý almak bilen baglanyşykly sinag geçirildi. Hirosakiniň uniwersitetinde agrar ylymlary ulgamynda, Sukuba uniwersitetinde bio we azyk tehnologiýalary, şeýle hem energetika ulgamy boýunça okuw sapaklaryny gçdiler. Ýaponiýanyň kompozit materiallary işläp taýýarlamaga we ýarym geçirijiler ulgamynda tehnologiki enjamlary ýygnamaga ýörüteleşdirilen «COMET» iri kompaniýasy bolsa nanotehnologiýalar boýunça hünärmenler üçin okuw ýeri boldy.
Şeýle hem türkmen hünärmenleri ylmy enjamlary öndürmek boýunça dünýäniň öňde baryjy kompaniýalarynyň býiri bolan «JEOL» kompaniýasyna baryp gördüler. Ýaponiýanyň belli ylmy merkezleri bolan NIMS (Nationalinstituteformaterialssciences), KEK (Highenergyaccelerationresearchorganization) merkezleriniň işgärleri bilen duşuşyk geçirildi.