Ï Informarika mugallymy Maral Şamuhammedowa we onuň okuwçysy Ýalkap Berdiýew “Hrustalnaýa sowa” (“Hrustal baýguş”) halkara bäsleşiginde ýeňiji boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Informarika mugallymy Maral Şamuhammedowa we onuň okuwçysy Ýalkap Berdiýew “Hrustalnaýa sowa” (“Hrustal baýguş”) halkara bäsleşiginde ýeňiji boldular

view-icon 1320
Aşgabat şäherini 74-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ýalkap Berdiýew we onuň halypasy we mugallymy Maral Şamuhammedowa Bilim ulgamynyň “Hrustalnaýa sowa” (“Hrustal baýguş”) IV Halkara bäsleşiginiň iki medalynyň eýesi bolmagy başardylar.

Taganrog (Russiýa) şäheriniň “Ylmyň wektory” Ylmy-okuw edarasy tarapyndan guralan intellektual bäsleşigi her ýylda dünýäniň dürli ýurtlaryndan wekilleri özüne çekýär. Çäräni guraýjylaryň esasy maksady – ösüp gelýän nesliň intellektual-döredijilik mümkinçiligini ösdürmekden, çagalarda bilim işjeňligini artdyrmak bolup durýar.


Bäsleşik birnäçe ugur boýunça geçirildi. Türkmen wekilleri okuw işini guramakda multimediýa tehnologiýalaryny peýdalanmak boýunça bilelikdäki işi görkezdiler. Bu bolsa okuw işini hil taýdan baýlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Bu taslamanyň möhümdigini emin agzalarynyň onuň awtorlaryny bir agyzdan ýeňiji diýip ykrar etmek hakyndaky çözgütleri tassyklady.

Ýalkap Berdiýewiň we Maral Şamuhammedowanyň eýýäm halkara bäsleşiklerine üstünlikli gatnaşmakda tejribeleri bar. Matematika boýunça IV Halkara distansion bäsleşiginde olar we 50-nji orta mekdebiň ýokary synp okuwçysy Baýly Begjanow üçünji orny eýelemegi başardylar. Mekdep okuwçylary ýokary intellektual mümkinçilikleri üçin, mugallym bolsa – hünär işinde ýokary üstünligi üçin baýrakly orunlara eýe boldular.


Biziň mekdep okuwçylarymyz, talyplarymyz we olaryň mugallymlary bilimiň dürli ugu barha köp begendirýärler. Bu bolsa Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, soňky wagtlarda biziň ýurdumyzyň ähli sebitlerinde aňrybaş häzirki zaman bilim toplumlarynyň onlarçasy guruldy. Olarda täze bilimleri almak, türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmekleri üçin ähli şertler döredilendir.