“Halkara gatnaşyklary” hünäri boýunça bilim alýanlaryň on dördisinden ybarat bolan topar, professor Teru Okadanyň ýolbaşçylygynda, biziň ýurdumyzda myhmançylykda boldular. Ýaponiýaly talyplaryň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň iki hepdä golaý bolan wagtynyň dowamynda ýokary okuw mekdepleriň birnäçesinde geçiriljek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen duşuşyklar tapgyryny öz içine alýar.
Myhmanlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bolup, birnäçe günüň dowamynda tematiki diskussiýany geçirerler. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary milli senenamanyň belli senesinde- garaşsyzlygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyklary iňlis dilinde alyp bararlar, şeýle hem Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasaty bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Şular ýaly duşuşyklar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hem geçiriler. Bu ýerde tematikany türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň gelejegini öňünden kesgitlär. Şunuň bilen baglylykda geçen ýylda bu ýokary okuw mekdepleriniň ikisi tarapyndan hyzmatdaşlyk barada gol çekişligiň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan HYYÖU bilen Tokiýonyň daşary ýurt dilleri institutynyň arasynda eýýäm toplanan tejribe söhbetdeşligiň aýratyn gyzyklanma bildirilýän temasy bolar. Onuň amala aşyrylmagy babatda Tokiýäniň daşary ýurt dilleri institutynyň talyplary eýýäm şu ýylyň aprel aýyndan başlap, türkmen dilini öwrenmäge başlarlar. Bu bolsa iki ýurtlaryň arasyndaky gumanitar hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmäge öz oňaýly täsirini ýetirer.
Ýaponiýaly wekiliýetiň biziň ýurdumyzda bolmagynyň maksatnamasy D.Azady adyndaky dünýä dilleri institutyna baryp görmegi hem öz içine alýar. Bu ýerde ýapon dilini öwrenýän bölümiň talyplary bilen duşuşyk geçiriler. Şeýle duşuşyklar biri-biriňi oňat tanamaga, dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, ýapon gepleşik dilini öwrenmäge, öz hünär dünýägaraýşyňy baýlaşdyrmaga uly mümkinçilikleri berýär.
Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasy ýurduň ajaýyp ýerlerine tanyşdyryş gezelenjini geçirmegi hem öz içine alýar. Biziň myhmanlarymyz taryhy-medeni ýadygärlikler bilen tanşarlar, paýtagtyň seýilbaglarynda bolarlar, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde, “Nusaý” taryhy-medeni goraghanasynda, paýtagtyň atçylyk sport toplumynda bolarlar. Çärelere baý bolan maksatnama, şeýle hem, “Köwata” ýerasty gowagy we “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşlygy hem öz içine alýar.
Ýapon talyplar wekilieýtiniň biziň ýurdumyza bolan bu sapary Türkemenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-2017-nji okuw ýylyndan başlap orta bilim berýän okuw mekdepleriniň we dürli hünärli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň okuw sapaklaryna ýapon dilini girizmek baradaky bilim başlangyçlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna täze itergi bermäge özüniň oňaýly tasirini ýetirer.