Ï Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti talyplary taryhy-medeni mirasy öwrenmäge höweslendirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti talyplary taryhy-medeni mirasy öwrenmäge höweslendirýär

view-icon 1612
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň bäşisi bu ýokary okuw mekdebiniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy we biziň ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen bilelikde guran ylmy bäsleşiginiň ýeňijisi boldular.

Bu bäsleşik Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna bagyşlanyp ýokary okuw mekdepleriniň düzen giň göwrümli çäreleriniň meýilnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde geçirildi. Olaryň hatarynda paýtagtyň ajaýyp künjeklerine gezelençleri, muzeýlere, sergilere baryp görmegi, medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşyklary görkezmek bolar.

Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine guralan nobatdaky gezelenç bu ýerde geçirilen ylmy maslahat bilen tamamlandy. Onuň barşynda talyplar ýurduň taryhy, milli medeniýetiň aýratynlyklary we özboluşly baý taryhy barada gürrüň berýän ajaýyp eksponatlar bilen tanyşmaklaryny dowam etdirdiler.

Muzeýiň hünärmenleriniň beren gürrüňlerini talyplaryň üns berip diňländiklerine olaryň ylmy işleriniň indiki bäsleşiginiň jemleri boýunça hem bilip boýar. Teklip edilýän üç dilleriň birinde - türkmen, rus we iňlis dilleriniň birnde ýazmaga bir hepde wagt berildi. Onuň dowamynda talyplar görkezilýän eksponatlary has içgin öwrenmek we hünärmenlerden goşmaça maslahatlary almak üçin muzeýe ýene-de birnäçe sapar barmaly boldular.

Işleriň ählisi muzeýiň hünärmenlerinden düzülen ýörite bilermenler topary tarapyndan berk öwrenildi hem-de jemleýji maslahatda bäsleşigiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Mustafa Geleňow, Mihail Sokolow, Rahat Ojarow, Rahym Durdyýew we Nargiza Melsowa iň gowy ylmy işleriň awtorlary hökmünde ykrar edildi. Olar bäsleşigi guraýjylaryň adyndan ýörite hormat hatlaryna we ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular. Maslahata ylmy iş bilen gatnaşyjylaryň ýene-de onusyna höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.

Bäsleşigi guraýjylar bäsleşigi şular ýaly görnüşde geçirilmeginiň möhümdigini belläp, ýaşlaryň ylmy-gözleg işlerini geçirmek endigini ösdürmäge, türkmen halkynyň taryhyny we medeniýetini, milletiň baý ruhy mirasyny çuňňur öwrenmäge gönükdirlen bu başlangyjy dowam etdirmek baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Bu bäsleşik Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna bagyşlap geçirýän çäresiniň ilkinjisi däldir. Bu ýokary okuw mekdebiniň bu senä bagyşlap düzen maksatnamasynyň “sanawyna” ylmy-usulyýet we ylmy-amaly maslahatlar, “tegelek stollar”, maslahatlar, biziň ýurdumyzyň medeniýetiniň we taryhynyň belli işgärleriniň gatnaşmaklarynda duşuşyklar girizilendir. Dürli ylym-bilim gurluşynyň wekilleri HYYÖU talyplary bilen ýygy-ýygydan duşuşyp durýarlar.

Talyplaryň birnäçesi milli däp-dessurlaryň özboluşly manysyny we owadanlygyny, türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny beýan edýän gysgametražly filmleri taýýarlamak boýunça başlangyç bilen çykyş etdiler.

Şeýle “kinozariskowkalaryň” birnäçesi üçin sýužetleri ýakynda Gadymy Nusaý ýadygärliklerine bolan saparyň netijesinde, şeýle hem beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp geçirilen açyk sapaklar öňünden kesgitledi. Ýörite sapagyň diňleýjileriniň özleri bu okuw başlangyjy bilen çykyş etdiler hem-de söýgüli şahyrlarynyň goşgularyny ýatdan aýtmak barada hakyky estafetany guradylar.