Ï Tebigatyň janly muzeýinde žirafanyň çagajyklarynyň dünýä inmegi ýurdumyzyň durmuşynda täsin waka boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tebigatyň janly muzeýinde žirafanyň çagajyklarynyň dünýä inmegi ýurdumyzyň durmuşynda täsin waka boldy

view-icon 1404
Türkmenistanda şeýle hadysa ilkinji gezek hasaba alyndy. Boýy iki metre deň bolan žirafa çagasy doglandan soň aýaga galdy we ilkinji gezek ene süýdini emdi. Häzirlikçe žirafajyk gyşky pasyl üçin niýetlenen jaýda saklanylýar, eger-de 7-nji martda howa ýagdaýy mümkinçilik berse, ony açyk ýere çykarmak, giň haýwanlar saklanylýan agyla eltmek göz öňünde tutulýar, bu ýerde onuň enesinden başga-da, ata-žirafa we goňşulykda saklanylýan zebralar bolar. Bu ýere gelýänleriň käbirine belkem bu gyzykly görnüşiň şaýady bolmak nesibesi bolar.

Häzirlikçe bolsa žirafajyk geň galmak bilen fotohabarçylara seredýär, ýöne golaýda enesi bolandan soň, ol biynjalyk bolmaýar. Surata düşürmek şowly geçýär. Žirafanyň guwanmaga esasy bar: onuň şahlary owadan we dünýäde iň uly boýly enesi bar.

Hakykatdan-da, žirafalar iň uly boýly jandarlardyr. Olaryň boýy 5-6 metre ýetýär. Süýt emdirijileriň içinde žirafalaryň gan basyşy örän ýokary bolup, adamyňkydan 3 esse köpdür. Afrika yklymynda dörän bu haýwanlaryň asuda häsiýeti bar, bu bolsa olara biziň Tebigatyň janly muzeýimizdäki ýaly zebralar bilen däl-de, antilopalar, hatda düýe guşlary bilen hem bilelikde ýaşamaga mümkinçilik berýär. Tebigatda žirafalaryň dostlary köp, duşmanlary bolsa azdyr. Zerur bolan ýagdaýynda žirafalar özlerini gorap bilýär: olaryň öň aýaklarynyň toýnaklary bilen ýolbarsyň hüjümini hem yzyna gaýtarýandygy bellidir. Mundan başga-da, žirafalar uzak aralyklara ylgamagy, tizligini sagatda 50 kilometre, hatda 60 kilometre çenli ýetirmäge ukyplydyrlar. Öňden çykýan päsgelçilikden aňsatlyk bilen böküp geçýärler we ýüzmegi başarýarlar. Ine, asuda durmuşy gowy görýän we sport häsiýetnamalaryna eýe bolan žirafalar şeýledir.


Tebigatyň janly muzeýinde afrikan žirafalarynyň bir jübüti saklanylýar, olar hem bizi žirafajyklary dünýä inderip begendirdiler. Işgärler žirafajygy Yhlas diýip atlandyrdylar. Bu tötänleýin däldir, tebigy şertlere ýakynlaşdyrylan görnüşde oňat ideg edilmegi netijesinde onuň dünýä inmegi ýaly ajaýyp hadysa mümkin boldy.

Žirafanyň dogulmagy bu ýerde emele gelen ýeke-täk hoş habar däldir. Şondan bir gün geçenden soň, geçigaplaňlaryň saklanylýan gyşky jaýynda ýene-de bir üýtgeşik jandar peýda boldy. Geçigaplaňlaryň iki jübüdi – iki erkek we iki ene jandar 2010-njy ýylda Köpetdagyň eteklerinden bu ýere getirilipdi. Olaryň bir jübütiniň arasyndaky gatnaşyklary Tebigatyň janly muzeýiniň işgärleri duýmaýardylar, sebäbi haýwanlar gijesine hereket etmegi halaýarlar. Olar bu häsiýetini Muzeýde hem saklap galdylar. Gündizlerine ýatyp ukusyny alýarlar, gije bolsa bu jandarlar şamlyk edinýärler hem-de böküp ylgap maşk edýärler. Şonuň üçin hem Muzeýiň işgärleri dogurmaga taýýarlanýan enäni birbada anyklap bilmediler. Tebigatda geçigaplaňlaryň daglaryň aralygyndaky boşluklarda çagalaýandygy sebäpli, Muzeýde hem onuň ýaşaýan ýerinde ýörite gapyrjak goýuldy. Şonuň içinde hem akja körpejik dünýä indi. Häzir ol daş-töwerege ullakan mawy gözleri bilen seredýär, akja tüýlere derek bolsa, geçigaplaňa mahsus bolan öwüşginli ýüňler peýda bolýar. Täze dogulan geçigaplaňyň jynsy häzire çenli belli däl. Işgärler ony ele almakdan howatyrlanýarlar. Ýyrtyjy haýwanlar keseki elleriniň golaýlanyny duýsalar, öz dogmasyndan ýüz dönderip bilerler. Körpejik özüniň doglan agaç gapyrjagynda bolmagy gowy görýär we ondan çykmaýar diýen ýaly.


Iki körpe jandar bir wagtyň özünde diýen ýaly dünýä inen-de bolsalar, bu ýere gelýänler geçigaplaňjygy ýakyn wagtlarda synlap bilmezler. Onuň açyk agyla çykarylmagy üçin ösüp-ulalmagy gerekdir.