Ï Magtymguly adyndaky TDU talyplary “Breýn-ring” intellektual ýaryşlaryň çäklerinde “Görogly” şadessanyny gowy bilýändiklerini görkezdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly adyndaky TDU talyplary “Breýn-ring” intellektual ýaryşlaryň çäklerinde “Görogly” şadessanyny gowy bilýändiklerini görkezdiler

view-icon 1740
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Görogly” şadessanyny gowy bilýän talyplary bu ýokary okuw mekdebiniň rektoraty we jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy bilen geçirilýän “Breýn-ring” intellektual oýnuna gatnaşýarlar.

Oýun iki toparçada – iki tapgyrda geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça dört fakultetiň – taryh,hukukşynaslyk, geografiýa, türkmen dili we edebiýaty fakultetleriniň talyplary finala çykdylar.

Netijede “Görogly” şadessanyny gowy bilýändiklerini görkezip, taryh fakultetiniň topary birinji orny eýeledi.


Guramaçylaryň “Breýn-ringi” teswirleýişleri ýaly, intellektual ýaryşyna öňünden uly taýýarlyk görüldi. Bäsdeşler oýuna gatnaşmak üçin “Görogly” şadessanyna bagyşlanan gerekli edebiýaty öwrendiler. Olar esasan hem çap edilen işlerdir. Olaryň awtorlary meşhur taryhçylar, belli alymlar, şol sanda biziň döwürdeşlerimiz bolup durýarlar. Gözleg işleriniň üns merkezinde - baş gahrymanlaryň keşpleri, türkmen halkynyň aýawly saklanýan we nesilden-nesle geçirilip gelinýän owadan we özboluşly däp-dessury durýar.


“Breýn-ringiň” barşynda talyplar temany çuňňur bilýändiklerini görkezdiler. Indiki oýun biziň ýurdumyzyň taryhyna we şu günki gününe, onuň gazananlaryna bagyşlanar.

“Breýn-ring”, şeýle hem beýleki intellektual ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Olar döwlet uniwersitetiniň ýörite maksatnamasyna goşulandyr hem-de talyplaryň hemmetaraplaýyn ösmeklerine, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmegine gönükdirilendir. Olaryň geçirilmegi geljekki hünärmenleriň bilimiň dürli ugurlary boýunça dünýägaraýyşlaryny ösdürmäge we hünär kämilligine eýe bolmagyna, şeýle hem watany söýüji ýaşlar bolup terbiýelenmegine ýardam berýär.


“Breýn-ringden” başga hem talyplaryň okuw sapaklaryndan daşgary – tematiki çäreler, ylmy maslahatlar we çekişmeli “tegelek stollar” geçirilýär, syýahatlar we medeni çäreler guralýar.