Ï Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlamakda ýokary mekdepleriň ulgamynda belli bir aralykda distansion okuwlary usulyny ulanmaklyk giňden ýaýrap başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlamakda ýokary mekdepleriň ulgamynda belli bir aralykda distansion okuwlary usulyny ulanmaklyk giňden ýaýrap başlady

view-icon 1611
Bilimiň hilini ýokarlandyrmakda iň häzirki zaman usul hökmünde telekoprüleri geçirmeklik usuly ulanylýar.

Bu wirtual usul Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň we Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplaryny jemlemäge mümkinçilik berdi. Iki ýokary okuwyň talyplary Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bank işleri kafedrasynyň müdiri Gurbanberdi Eýeberdiýewiň leksiýasyny diňlediler.

Bu leksiýanyň daşyndan iki ýokary okuw mekdebiniň 3-4 ýyl talyplary tejribeli mugallymdan hususy telekeçilik, ýeňillikli salgytlar, importyň ýerini tutýan we eksporta niýetlenen önümi çykarmak boýunça döwletiň saýlap alan ugry boýunça soraglaryna degişli jogaplar aldylar.

Ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky teleköprini gurnaýjylaryň belleýşi ýaly, distansion ylmy tehnologiýalar häzirki zaman ýokary okuw ulgamynyň ýokary hilligini ýokarlandyrmak, we ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça tejribeli we bilimli hünärmenleri ýetişdirmek boýunça goýlan wezipeleri durmuşa geçirmekde aýratyn orny bar.

Ýakyn wagtda distansion okuwlary geçirmek tejribesi dowam eder. Bu usul Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň okuw otaglaryny bu ýokary okuw mekdebiniň pudaklaýyn edaralarynda we ministrliklerinde hereket edýän kafedra şahamçalarynyň alyp baryjy hünärmenleri bilen dowam eder.