Ï Türkmen mekdep okuwçylary Malaýziýanyň Penangesinde geçirilen ýaş oýlap tapyjylaryň “MIYIO-2016” Halkara olimpiadasynda dürli derejeli medallaryň dokuzysyny gaznadylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen mekdep okuwçylary Malaýziýanyň Penangesinde geçirilen ýaş oýlap tapyjylaryň “MIYIO-2016” Halkara olimpiadasynda dürli derejeli medallaryň dokuzysyny gaznadylar

view-icon 1511
Gözden geçirilişiň guramaçylyk komitetine dürli dissiplinar ugry boýunça taslamalaryň iki ýüzden gowragyny iberen dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekilleri ‘Malaysian International Young Inventors Olympiad” bäsleşigine gatnaşdylar.

Malaýziýanyň Bilim ministrliginiň başlangyjy bilen geçirilýän bu meşhur bäsleşigine türkmen tarapyndan gatnaşykarynyň dokuzysy – orta ýöriteleşdirilen okuw mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarydyr. Olaryň dördisi paýtagtyň 97-nji orta mekdebiniň, galanlary bolsa Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 41-nji orta mekdebiniň okuwçylarydyr.

Iki sany altyn medala lebaply ýokary synp okuwçylary Ahmet Aganyýazow we Salyh Kerimow dagy mynasyp boldular. Türkmenabatly Allaşükür Işangulyýew, Myrat Gurbanow we Gurban Myradow, paýtagtyň mekdep okuwçylary Mekan Selimow we Seýitnazar Amangeldiýew kümüş medallaryň bäşisini gazandylar, türkmen paýtagtynyň wekilleri Yhlas Garybaýew we Azat Guwanjow olimiýadanyň bürünç medallaryny eýelediler.

Şu günler aşgabadyň orta ýöriteleşdirilen 64-nji we 76-njy mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçylary – degişlilikde Hally Amanow, Gurbangeldi Agabaýew, Sanjar Altybaýew we Merdan Rustamow dagy beýleki halkara bäsleşiginiň baýrakly orunlaryna eýe boldular.

Olaryň dördisi hem daşary ýurt dilinde “Power of Education-2016” Halkara bäsleşiginiň birinji ornuna mynasyp boldular. Bu bäsleşik her ýylda dürli ýaşdakylaryň arasynda Russiýanyň Ylym we döredijilik jemgyýeti (Kazan ş.) tarapyndan geçirilýär. Oglanlaryň bilelikdäki işleri kompýuter tehnologiýalary ulgamynyň “Ýylyň döredijilik çemeleşmesi” ady bilen geçirilen bäsleşiginde ýokary baha we abraýly diplomlara mynasyp bolmaklaryny kesgitledi.

Aşgabadyň harby mekdebiniň we 70-nji orta ýöriteleşdirilen mekdebiniň adyndan çykyş eden doganlar Merdan we Maral Rustamowlar Russiýanyň “Wektor nauki” Ylym-bilim edarasy (Taganrog ş.) tarapyndan guralan “Göçgünli pikirler” ylmy işleriň IV Halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler. Olaryň “Maglumatlar binýadyny düzmegiň modelini döretmek üçin SQL ulanmagyň aýratynlyklary” bilelikdäki işleriniň biri birinji orna, beýleki -“Programmalaýyn üpjünçilik we awtomatlaşdyrylan testirlemekde häzirki zaman serişdeleriniň spesifikasy” atly işleri üçünji baýrakly orny eýeledi.

Mekdep okuwçylarynyň ylmy utgaşdyryjysy – Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy Guwanç Şamuhammedow aýratyn sylaga – “Wektor nauki” YBE direktory A.W. Bobyrýow we YBE ylmy geňeşiniň başlygy Ý.W.Şutowa tarapyndan gol çekilen “Häzirki zaman ylmyny ösdürmekde hyzmatdaşlyk edendigi we goşan goşandy üçin minnetdarlyk hatyna” mynasyp boldy.