Ï Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda Türkmenistanyň tebigaty goraýyş edaralarynyň işgärleri üçin okuw maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda Türkmenistanyň tebigaty goraýyş edaralarynyň işgärleri üçin okuw maslahaty geçirildi

view-icon 1938
Maslahat ýyrtyjy guşlary hasaba almak usulyna bagyşlandy. Maslahaty Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti Beýik Britaniýanyň ýyrtyjy guşlar baradaky Patyşa jemgyýeti bilen bilelikde guradylar. Maslahata ýurdumyzyň goraghanalarynyň dokuzysynyň ylmy işgärleri işjeň gatnaşdylar.


Soňky wagtlarda Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlarynyň köpüsi ýyrtyjy guşlary, şol sanda tebigatda owunjak gemirijileriň sanyny sazlaýjy hökmünde, şeýle hem tokaýlary, meýdanlary we daglary toýnakly haýwanlaryň galyndylaryndan arassalaýan, şonuň bilen birlikde hem ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni alýan maslyk iýiji guşlary goramaga uly üns berýärler. Gynansakda, hemme ýerlerde ýyrtyjy guşlaryň sany birden azalyp başlady. Olaryň köpüsi eýýäm Gyzyl kitaba girizildi. Meselem, deňiz bürgüdi-uzynguýruk, sakgally, maslykçy, gara bürgüt, ýylançy, mazarçy, bürgüt, gyrgy, göwenek, balaban ýaly guşlar biziň ýurdumyzda hem seýrek duş gelip başlady, şonuň üçin hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna we MSOP-ň gyzyl kitabynyň sanawyna girizildi.

Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň çäkleri maslahat üçin ýönelige saýlanyp alynan däldir. Köýten daglary, çuň jülgeler we gülleýän dag etekleri – diňe bir tebigy ýadigärliklere baý däldir. Bu ýerde ýylyň islendik wagtynda tebigy şertlerde ornitofaunanyň wekillerine, toýnakly we haýwanat dünýäsiniň beýleki wekillerine duş gelmek bolýar. Ýurduň iň gündogar goraghanasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy goraghanasynyň dünýä miras sanawyna nominirlenmegi tötänleýin däldir. Ýyrtyjy guşlary hasaba almak boýunça teoriýa we praktiki okuwlaryny Türkmenistanyň çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi Milli institutynyň alym-ornitologlary alyp bardylar. Olar ylmy işgärleri guşlaryň höwürtgeleriniň gurluşy, ýyrtyjy guşlary tanamagyň usullary, olaryň ýaýrawy, göçýän ýollary bilen tanyşdyrdylar. Goraghananyň işgärleriniň öňünde Bolgariýaly tejribeli ornitolog Petar Ýankow çykyş etdi. Halkara bilermeni Köýtendagyň baý ornitofaunasyna ýokary baha berdi. Ol bu ýeriň jülgesiniň şular ýaly ornitologiýa boýunça maslahatlary geçirmek üçin amatly ýerdigini belläp geçdi. Sebäbi bu ýerde bir wagtyň özünde ýyrtyjy guşlaryň 4-5 görnüşine gözegçilik edip bolýar.


Guşlary hasaba almagyň meýdan okuwlary Hojapil, Hojagarawul çäklendirilen goraghanalaryň çäklerinde – Daraýydere, Suwdöker we Gojaçilgazbaba jülgelerinde geçirildi. Bu jülgeler kanon görnüşinde bolup, ýyrtyjy guşlaryň höwürtgelemegi üçin amatly bolan uly bolmadyk gowakly belent hem-de kert gaýalar bilen gurşalyp alynandyr. Maslahata gatnaşyjylar diňe bir ýyrtyjy guşlaryň al-asmanda gaýyp ýörüşlerini görmän, eýsem olaryň höwürtgeleri bilen hem tanyş boldular. Daraýydere jülgesinde maslykçynyň, sakgallynyň, bürgüdiň we beýleki guşlaryň ýaşaýan ýerlerini we höwürtgelerini tapdylar we hasaba aldylar. Hojaçilgazbaba jülgesinde maslahata gatnaşyjylar ak kelleli dazzarkeliň höwürtgede ýumurtga basyp oturşyna hem syn etdiler.

Goraghanalaryň ylmy işgärlerini tanyşdyrylan ýyrtyjy guşlaryň monitoringinde häzirkizaman usullarynyň ulanylmagy Türkmenistanda ýyrtyjy guşlaryň ýagdaýlary boýunça gymmatly ylmy maglumatlary ýygnamaga şertleri döredýär. Bu maglumatlar olary gorap saklamak boýunça çäreleri işläp taýýarlamakda, şeýle hem Türkmenistanyň gyzyl kitabyny çap etmekde ulanylar.