Belarusuň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Hytaýyň, Ysraýylyň, Polşanyň we beýleki ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň 36-synyň gatnaşmagynda geçen paýhas bäsleşiginiň netijeleri boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň radiofizika we elektronika hünäriniň 4-nji ýyl talyplary Mekan Toýjanow bilen Meýlis Mälikow altyn medala mynasyp boldular. Bu hünär boýunça bilim alýan 1-nji ýyl talyp Mekan Merdanow we Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Azatgeldi Taýjanow, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby Guwanç Allanazarow bürünç medala mynasyp boldular.
Toparlaýyn hasapda Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplar topary birinji orny eýeläp, olimpiadanyň guramaçylyk komitetiniň ýörite baýragy bilen sylaglandylar. Türkmen topary «Breýn-ring» paýhas bäsleşiginde hem gowy netije görkezmegi başardylar. Olar bu paýhas bäsleşiginde ikinji baýrakly orna mynasyp boldular.
Talyplarymyzyň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezip, nobatdaky gezek üstünlik gazanmaklary hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen milli bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň oňyn netijesiniň ýene bir subutnamasy bolup durýar.
Halkara bäsleşiklerde türkmen talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň ynamly çykyşlarynyň şeýle mysallary we köp sanly baýraklary milli Liderimiziň ösüp gelýän ýaş nesil baradaky ägirt uly aladalary, onuň ýaşlaryň ýokary bilimli, paýhasly we ruhy taýdan baý, hakyky watançylar bolup terbiýelenmeginiň meselelerine yzygiderli üns bermegi netijesinde mümkin boldy. 2016-njy ýylyň aprelinde geçen Türkmenistanyň Ýaşlar maslahatynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňde goýlan, şol sanda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça täze meseleler hem şu maksatlara gönükdirilendir.
Ýaşlara berilýän bilimiň jemgyýetimiziň we döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk esas bolup durýandygyny nygtamak bilen, milli Liderimiz: «Biziň ata Watanymyzy özgertmek boýunça alyp barýan işlerimiziň esasy maksady ýokary ahlakly, giň düşünjeli, iň kämil tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň täze neslini kemala getirmekden ybaratdyr» diýip belleýär.
Ýurdumyzda bu meseleleri çözmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplaryň kabul edilmegi ýylsaýyn artýar. Ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler boýunça fakultetler we kafedralar açylýar. Zerur ugurlar boýunça degişli hünärmenleri taýýarlamak üçin türkmen ýaşlary halkara şertnamalar esasynda daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýarlar.
Talyplarymyzyň Belarusda üstünlikli çykyş etmekleri mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dabara guraldy. Onda çykyş eden nazaryýet mehanikasy boýunça 12-nji Halkara olimpiadanyň ýeňijileri we onda baýrakly orunlary eýelän talyplar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ukyplaryny ösdürmek, dünýä derejesinde ýokary hilli bilim almaga döreden giň mümkinçilikleri üçin ýürekden hoşallyk bildirdiler.