Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary wirtual intellektual gözden geçirilişiniň çäklerinde Bilim ulgamynda innowasiýalary goldamak baradaky Milli gaznasy bilen Bilimiň hiliniň monitoringi ylmy-gözleg institutynyň (Ýoşkarola ş.) informatika, ekologiýa we teoretiki mehanika boýunça guran bäsleşigine gatnaşyp, iň gowy topar netijelerini görkezmegi başardylar. Olaryň hasabynda umumylykda dürli derejeli medallaryň on üçüsi bar.
Nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri informatika boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri boýunça bäş medala eýe boldular. Bu bäsleşige dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň 145-den, şol sanda biziň hem ýokary okuw mekdeplerimiziň on birisinden ýedi ýüzden gowrak talyplar gatnaşdylar. “Altyn” medaly Begmuhammet Kakabaýew, Ahmet Hudaýberdiýew we Abdulraşid Çerkezow, kümüşe – Jomart Jepbarow we Ahmet Paýtykow dagy mynasyp boldular. Bu oglanlar dürli ýyl talyplarydyr, olar “informasion tehnologiýalary programmalaýyn üpjün etmek”, “elektrik üpjünçiligi” we “dag işlerini açmak” ýaly ugurlara ýöriteleşýärler.
Şeýle hem HNGU talyplary ekologiýa ugry boýunça geçirilen bäsleşigiň baýraklaryna eýe boldular. Bu ýerde Gülçehre Annadurdyýewa, Laçyn Aşyrowa, Ergin Ereşow we Täçmyrat Baýramgeldiýew dagy tapawutlanmagy başardylar. Olar kümüş baýraklary eýelediler. Bürünç baýraklara bolsa Nazar Akmämmedow we Leýla Ýoldaşowa dagy mynasyp boldular.
Teoretiki mehanika boýunça geçirilen bäsleşige gatnaşan Oguldöndi Weliýewa we Pürli Nurberdiýew dagy bürünç medallary bilen öz ýokary okuw mekdepleriniň intellektual gazanylanlarynyň gaznasynyň üstüni ýetirdiler.
Ýokary okuw mekdepleriniň olimpiadaçylarynyň halypalarynyň biri, HNGU informatika we maglumatlar tehnologiýalary kafedrasynyň müdiri Maksat Çaryýewiň nygtaýşy ýaly, maglumatlar-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösdürilmegi türkmen talyplarynyň we mugallymlarynyň interaktiw formatda geçirilýän halkara derejesindäki bäsleşiklere, olimpiýadalara we maslahatlara işjeň gatnaşmaklaryna mümkinçilik döretdi. Biziň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekileri indi birnäçe ýyl bäri şular ýaly geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp gelýärler we yzygiderli ýokary baýraklara mynasyp bolýarlar.
Halkara internet-olimpadalarynda HNGU adyndan çykyş edýän baýrakçylaryň köpüsi informatika we maglumatlar tehnologiýalary kafedrasynyň ýanynda döredilen programmalaýyn üpjünçiligini döretmek boýunça ýöriteleşdirilen gurnaga gatnaşyjylar bolup durýarlar. Bu gurnaga olar okuwdan boş wagtlary gatnaşýarlar. Olaryň intellektual ýeňişleri bolsa talyp ýaşlary ylmy işlere çekmegiň geljeginiň ulydygyny tassyklaýar.
Ýurduň Nebitgaz ýokary okuw mekdebiniň wekilleriniň öňünde matematika, fizika we himiýa boýunça halkara talyplar internet-olimpiadasynyň garaşýandygyny aýdaýmak galýar.