Wirtual intellektual gözden geçirilişi Bilim ulgamyny goldamak baradaky milli gaznasynyň we Bilim ulgamy ylmy-gözleg instituty (RF, Ýoşkar-Ola ş.) tarapyndan guraldy. “Materiallaryň garşylyk görkezmegi”, “Teoretiki mehanika”, “Ekologiýa” ugurlary boýunça onlaýn kadasynda kompýuter testirlemek görnüşinde geçirilen bäsleşigiň netijesi boýunça daşoguzyň ýokary oba hojalyk mekdebiniň wekilleri dürli derejedäki medallaryň on üçüsini gazandylar.
“Materiallaryň garşylyk görkezmegi” boýunça geçirilen sapakda Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary Pena Ataýew we Serdar Berdiýew dagy altyn medalyň eýeleri boldular. Ikinji orny - Merdan Hojamedow, Aziz Ibragimow, Atabeg Narmyradow dagy eýelediler. Teoretiki mehanika boýunça kümüş medala mynasyp bolan Berdimyrat Abaýlyýew gowy netije görkezdi. Bürünç medallaryň üçüsini Mansura Kasymjanowa, Nowruz Abaýew, Eziz Agajanow eýelediler. Şele hem oba hojalyk ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Zebo Orebaýewa, Tahyr Göllibaýew we Aziza Pirliýewa “ekologiýa” ugry boýunça geçirilen bäsleşikde baýrakly orunlaryň üçüsini eýelediler
Talyplaryň gazanan üstünlikleri - bu ýokary okuw mekdebiniň professor mugallymlarynyň bilimiň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, innowasiýa usullaryň we iň täze maglumatlar-kommunikasion tehnologiýalary netijeli ulanmak boýunça maksada gönükdirilen işleriniň netijesi bolup durýar.