Ï Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde “Nebitgaz pudagyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak” ady bilen ylmy-praktiki maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde “Nebitgaz pudagyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak” ady bilen ylmy-praktiki maslahat geçirildi

view-icon 2011
Maslahat biziň ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti üçin strategiki häsiýete eýe bolan ýangyç-energetika toplumynda ylmy we maksatlaýyn praktiki ähmiýetli gözleg işlerini işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Maslahata Tehnologiýalar merkeziniň geografiki maglumatlar ulgamynyň barlaghanasynyň işgärleri, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň, Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň “Türkmengaz” döwlet konserniniň düzüm bölümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň çäklerinde ylmy gözleglerde, şol sanda talyplary okatmagyň häzirki zaman usullarynda we ugurlarynda toplanan tejribäni alyşmak geçirildi. Çykyş etmeleriň birnäçesi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, şol sanda nebitgaz pudagynda hem, geografiki maglumatlar ulgamyny (GMU) ulanmagyň köptaraplylygyna, mümkinçiligine we geljegine bagyşlandy. Aýratyn üns GMU ulanmak jähtden – ÝET dürli praktiki ähmiýetli ulgamlarynda – geologiki gözleglere we uglewodorodlary gazyp almaga, guýulary ulanmaga we dikeltmäge, tehnologiki ýagdaýlary tiz çaklamaga, olaryň netijelerini çäklendirmäge we aradan aýyrmaga, turbageçirijileriň monitoringine we geljekki energetiki trassalary taslamaga, gözleg geçirilýän desgalary kartografiýalaşdyrmaga berildi.

Bäşinji ýylyň talyplary öz diplom işlerini gözden geçirmäge berdiler, öz alyp barýan işleriniň tejribesi bilen paýlaşdylar. Meselem, Ulag we aragatnaşyk institutynda tehniki ulgamlaryny awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak hünäri boýunça okaýan Enejan Babaýewa TOPH halkara gaz geçiriji ulgamynyň Päkistandan Hindistan çenli böleginde geografiki maglumatlar ulgamyny dolandyrmak we hyzmat etmegiň usulyny döretmek barada gürrüň berdi. Beýleki talyplaryň çykyşlary biziň ýurdumyzyň gaz guýylarynyň interaktiw kartalaryny döretmek, gaz ulag logistikasynyň aspektleri barada boldy.


Ýurduň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň bu günki ýagdaýy ýörite enjamlar we ölçeýjiler bilen üpjün edilen “intellektual” güýularynyň bardygyny göz öňünde tutýar. Bu bolsa ulanyjylara ýataklaryň çykym ýagdaýy barada örän uly maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň tehnoulgamynyň aerokosmiki monitoringi we nebitgaz meýdanlaryny belli bir aralykdan barlamak, işde kosmiki suratlary, maglumatlar üpjünçiliginde öňdebaryjy tehnologiýalar we beýlekiler geljegi uly bolan ugurlar bolup durýar. Ýurtda alymlar we nebitgaz ulgamynyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary tarapyndan geçirilýän düýpli ylmy gözlegleriň belli bir bölegi ylmy-tehniki ösüşi çaltlandyrmaga, dürli gurluşlaryň tygşytlylygyny we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, ykdysadyýetiň bazar şertlerinde şular ýaly hojalyk gurluşlaryň işlemeginiň has netijeli usullaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

Ýurduň ylym-bilim edaralarynyň arasynda şular ýaly maslahatlar hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilýär. Olar alymlaryň we hünärmenleriň ýakyndan özara hereket etmeklerine şertleri döredýär. Ýöriteleşdirilen meýdançalarda talyplar - nebitgaz pudagynyň geljekki hünärmenleri we ýaş synag geçirijiler çynlakaý tejribe ähmiýetli gözleglerde özleriniň ilkinji ädimlerini ädýärler, ideýalary döredýärler, Türkmenistanyň nebitini we gazyny gazyp almaga we gaýtadan işlenmeginiň geljegine baha berýärler. Tehnologiýalar merkeziniň işgärleri tehniki ýokary okuw mekdeplerinde ýygy-ýygydan myhmançylykda bolýarlar, geçirilýän duşuşyklar, maslahatlar we bilelikdäki gözlegler bolsa ylmyň we iş tejribesiniň ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegine hyzmat edýär. Tehnologiýalar merkeziniň binýady, onuň üpjünçiligi köp sanly işläp taýýarlamalary synag hökmünde amala aşyrmaga, alynan netijeleri öwrenmäge we seljermäge mümkinçilik berýär.