Ï Milli gerbariý gaznasynyň maglumatlarynyň elektron binýadyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli gerbariý gaznasynyň maglumatlarynyň elektron binýadyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar

view-icon 1293
Aşgabatda Türkmenistanyň dürli sebitlerinden – Uly we Kiçi Balkandan, Kürendagdan, Merkezi we Gündogar Kendagdan, Badhyzdan, Garabilden, Köýendagdan, Garagumdan, Gyzylgumdan, Sandykly çölünden, Hazarýaka çöllüginden, Üstýurt belent düzlüginden, şeýle hem ähli oazislerden azyndan ýüz ýyldan gowrak mundan ozal toplanan ösümlikleriň milli gerbariý kolleksiýasy saklanýar. Häzirki wagtda Milli gerbariý gaznasynyň maglumatlarynyň kompýuter binýadyny döretmek – gerbariý ýapraklaryny surata düşürmek, maglumatlary elektron görnüşe geçirmek işleri alnyp barylýar.


Bu işler tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Milli gerbariý gaznasynyň kolleksiýasynyň informasion-gözleg maglumatlar binýady dörediler. Ol biologlar we ekologlar, alymlar, talyplar we aspirantlar, farmasewtler we mugallymlar üçin okuw görkezme esbaby bolup hyzmat eder, türkmen ösümlik dünýäsiniň ajaýyp ösümlikleri, şol sanda seýrek duş gelýän endemiki, ýitip barýan görnüşleri hem, bilen asyl nusgasyny ulanmasyzdan, tanyşmaga mümkinçilik berer. Maglumatlaryň kompýuter binýady gymmatly görnüşleriniň “sanly nusgalaryny” işde olaryň zaýalanmagyny aradan aýryp, öwrenmäge mümkinçilik berer.


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň geobotanika barlaghanasynyň we Milli gerbariý gaznasynyň ylmy işgäri Ragiba Nazarowa bu işlär barada jikme-jik gürrüň berýär:

- Gerbariý gaznasy ösümlikleri toparlara, morfologiýa we anatomiýa jikme-jik bölmäge, olaryň ekologiki, geografiýa we şahsy taýdan üýtgäp durmagyny, daşky gurşawyň dürli alamatlarynyň ösümliklere edýän täsirini seljermäge kömek edýär. Botanikaçylaryň maksada gönükdirilen ekspedisiýalarynyň hasabyna ýygyndynyň üstüni ýetirip durýar. Bu saparlarda öri we çöl ösümlikleriň ýaýrawy öwrenilýär, ösümlikleriň aýratyn toparlarynyň ýa-da olaryň jemgyýetiniň sistematik alamatlary kesgitlenilýär. Ösümlik dünýäsiniň materiallary ýerli ösümlikleriň uzak ýyllaryň dowamyndaky esasy durmuş häsiýetlerini öwrenmek maksady bilen toplanylýar


Türkmenistanda ösümlik materialynyň gerbarlinmgeni umumy kabul edilen halkara standartlaryna laýyklykda alnyp barylýar. Onuň esasy maksady iň gowy ösümlikleriniň gowy saklanmagy we material şaýatlaryny sistemalaşdyrmakdan ybarat bolup durýar. Biziň Watanymyzyň ösümlik dünýäsiniň bu altyn gaznasy we hakyky resmi baýlygy Aşgabadyň demir ýol gerbariý toplumy muzeýiniň esasynda 1930-njy ýylda esaslandyryldy, gerbarileriň ilkinji ýygymlary bolsa XVIII asyr bilen senelenýär. Botanikaçylaryň birnäçe nesilleri – Türkmenistanyň janly tebigat dünýäsini söýýänler we öwrenijiler bu ajaýyp ösümlikler toplumyny döretmäge we onuň üstüniň ýetirilip durulmagyna mynasyp goşant goşdular.


Häzirki wagtda kolleksiýada ösümlikleriň 696 nesline, 113 maşgalasyna degişli 2319 görnüşi hasaba alyndy. Gerbariý ýapraklarynyň umumy sany 107800 nusgadan ybaratdyr. Kolleksiýada užownikler, kösükliler, däneliler, kelemli, batgalyk, seldereýli, çylşyrymly güllüler ýaly maşgalalaryna degişli wekilleri giňden görkezilýär. Milli gerbariý gaznasynyň gymmatly materiallarynyň esasynda köp sanly düýpli işler, şol sanda “Aşgabadyň töwereginiň ösümlikleriniň illýustrirlenen kesgitlemesi”, “Türkmenistanyň ösümlikleriniň kesgitlenmesi”, “Türkmenistanyň Gyzyl kitaby” döwürleýin neşiri we beýlekiler döredildi.