Ï Halkara türkmen-türk uniwersitetinde ylmy taslamalaryň bäsleşigi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara türkmen-türk uniwersitetinde ylmy taslamalaryň bäsleşigi geçirildi

view-icon 2036
Bu saparky gözden geçirilişe hödürlenen täsin ylmy ideýalaryň köpüsi HTTU talyplarynyň hünär taýýarlygynyň derejelerine we ugurlaryna doly baha bermäge mümkinçilik berýär. Olar kompýuter we senagat inženerçiliginden, maglumatlary goramak boýunça tehnologiýalardan, dokma, materiallardan we nanotehnologiýalardan, arhitektura we dizaýndan, himiýadan, biologiýadan we mugallymçylykdan ybaratdyr.Öňünden geçirilen bäsleşikden soňra işleriň ýüzden gowragy saýlanyp alyndy. Olar emin agzalary tarapyndan täzeçilligi, hödürlenen usullaryň möhümliligi we originallygy bilen bellenildi.

Tanyşdyrylyş böleginiň çäklerinde her bir iş onuň geljeginiň ululygy, şeýle hem onuň mundan beýläk önümçilik ulgamyna laýyk gelmegi babatda, berk seljerişden geçirildi.


Ähli taslamalar toparlaýyn ara alnyp maslahatlaşylandan soňra emin agzalary adaty baýrakly orunlary bermezlik barada karara geldiler. Sebäbi işleriň köpüsi iň ýokary baha mynasypdy. Şonuň üçin hem işleriň iň gowy taslamalarynyň onusynyň awtorlary ýörite hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglandy.

Bäsleşigi guraýjylar onuň jemini teswirlemek bilen, ylmy gözlegleriň köpüsiniň dürli milli ykdysady pudaklary döwrebaplaşdyrmaga we adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Meselem, hödür edilen işläp taýýarlamalar lukmançylykda we kosmetologiýada, ortopediýa aýakgaplarynyň önümçiliginde, hyzmatlar ulgamynda ulanyp bolar. Taslamalaryň tapgyry kompýuter tehnologiýalarynyň we multimediýa senagaty bilen baglanyşyklydyr. Mugallymçylyk fakultetiniň talyplary bolsa mümkinçilikleri çäkli bolan çagalar üçin dürli okuw ugurlary boýunça sapak bermegiň interaktiw usullaryny we programmalaýyn üpjünçiligini işläp taýýarladylar.

Bu ýokary okuw mekdebiniň ýaş oýlap tapyjylarynyň gözden geçirilişiniň – Ylymlar gününiň öňisyrasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Ýaşlar guramasy tarapyndan her ýylda guralýan ylmy işleriň döwlet bäsleşigine görülýän taýýarlykda möhüm ädimdigini belläýmek galýar.