Ï Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda Malaýziýanyň Bilim hyzmatlarynyň sergisi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda Malaýziýanyň Bilim hyzmatlarynyň sergisi geçirildi

view-icon 1388
Türkmenistanda geçirilen bilim ýarmarkasy okuwlary iňlis dilinde alnyp barylýan belli uniwersitetleriň ýedisiniň halkara bölümleriniň menejerlerini we hünärmenlerini ýygnady.

Wekiliýetiň ýolbaşçysy – “Malaýziýanyň Uniwersitetleriniň amaly merkezi” kompaniýasynyň direktory Mohanraj THANGARAJAN şeýle teswirleýär:


- Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Dil syýasaty döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden innowasion bilim özgertmeleriniň möhüm bölegi bolup durýar.

Iňlis dilini gowy bilmek bilen, türkmen ýaşlary dünýäniň iň gowy okuw mekdeplerinde bilim almaga mümkinçilikleri, şol sanda döwletara ylalaşyklarynyň çäklerinde hem, ar.


Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdylanda bolsa, onda ol üstünlikli ösdürilýär. Häzirki günde biziň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň iki ýüzsi töweregi okaýar. Malaýziýanyň “Petronas” Uniwersiteti bilen Türkmen halkara nebit we gaz uniwersitetiniň arasynda netijeli gatnaşyklar emele geldi. Olar ykdysadyýetiň esasy ugurlary üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ugry boýunça özara hereket edýärler.

Bu sergide biziň ýurdumyzyň bazarynda bilim hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýokary okuw mekdepleri görkezildi. Malaýziýanyň dürli künjeklerinde ýerleşmek bilen, olar dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamagy amala aşyrýarlar.


UCSI uniwersiteti dürli ugurlar boýunça professional okuwy görkezdi. SEGI-Uniwersitetinde geljekki inženerler, telekeçiler, IT-tehnologiýalar boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. QUEST-Uniwersiteti we Cyberjaya University-college of Medical sciences – lukmançylyk-derman ugry boýunça okuwlary alyp arýar. Amerikanyň uniwersitetiniň filialy – Halkara uniwersiteti – myhmanhana telekeçiligi üçin hünärmenleri taýýarlaýar, şeýle hem ABŞ-nyň bilim maksatnamalaryna gatnaşmaga mümkinçilik berýär. “HELP- UNIVERSITY” ýokary filosofiýa bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. Menejment we ylym Uniwersitetinde myhmanhana senagaty we inženerçilik telekeçilik ulgamy üçin hünärmenler taýýarlanylýar.

Kompaniýanyň öňünde duran meseleler Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň otuzsynda okuwy guramaga gönükdirilendir. Biz Malaýziýanyň siziň ýurduňyzdaky ilçihanasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýarys. Türkmenistanda biziň kompaniýamyzyň edarasy işleýär. Bu ýerde zehinli abituriýentleri gyzyklandyrýan maglumatlaryň ählisini alyp bolar.