Ï Ýaş türkmen zehinleri Almatyda geçirilen taslama olimpiadasynda şowly çykyş etdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş türkmen zehinleri Almatyda geçirilen taslama olimpiadasynda şowly çykyş etdiler

view-icon 1567
Halkara taslama olimpiadasyna dünýä döwletleriniň 13-sinden, şol sanda Azerbaýjandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Ukrainadan, Gruziýadan, Yrakdan, Mongoliýadan, Indoneziýadan, Somaliden we beýleki ýurtlardan gatnaşan mekdep okuwçylary bilimiň dürli ugurlary boýunça şahsy we bilelikdäki işleriň üç ýüzden gowragyny taýýarlapdyrlar.

Türkmen toparynyň hatarynda Türkmenabat şäheriniň 41-nji ýörüteleşdirilen mekdebiniň ýokary synp okuwçylary Döwletgeldi Rozymyradow bilen Myrat Gurbanow altyn medal eýeledier. Aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynyň okuwçysy Röwşen Sapargeldýew kümüş baýraga mynasyp boldy. Taslamany bilelikde taýýarlan paýtagtymyzyň 97-nji ýörüteleşdirilen mekdebiniň uly synp okuwçylary Aýnur Işanowa hem-de Jeren Halmyradowa, şeýle-de Türkmenabat şäheriniň 41-nji ýörüteleşdirilen mekdebiniň okuwçysy Şageldi Öwezow bürünç baýrak eýelediler.

Ýygyndy toparymyzyň ýolbaşçysy- aýratyn zehinli çagalaryň Döwlet mekdep-internatynyň matematika we informatika mugallymy Ýusupguly Öwezowyň belleýşi ýaly, türkmen toparynyň taslamalarynyň aglabasy programmalr üpjünçiligi ulgamynda innowasion täzeliklere degişlidir.