Ï Türkmenistanly mekdep okuwçylary ýaş oýlap tapyjylaryň olimpiadasynda altyn medallaryň üçüsini, kümüş medallaryň on birisini we bürünç medallaryň hem üçüsini eýeýlediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly mekdep okuwçylary ýaş oýlap tapyjylaryň olimpiadasynda altyn medallaryň üçüsini, kümüş medallaryň on birisini we bürünç medallaryň hem üçüsini eýeýlediler

view-icon 1751
Maşaýziýanyň Penang şäherinde geçirilen MIYIO-2017-ä dürli ýurtlardan gatnaşanlaryň 350-den gowragy emin agzalarynyň dykgatyna dürli ylym ugurlary boýunça özbaşdak we bilelikdäki taslamalarynyň 170-den goragyny teklip etdiler.

Ýokary baýraga Aşgabadyň 97-nji ýörüteleşdirilen mekdebiniň okuwçylary Repmuhammet Töräýew bilen Arslan Meretmyradow, şeýle hem Lebap welaýatynyň 1-nji ýörüteleşdirilen mekdebiniň okuwçysy Serdar Dosmedow mynasyp boldylar.


Kümüş baýragy eýelän türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň 11-si gowaça baldagyndan bioýangyç almak, şeker önümçiligniň galyndylaryny gurluşyk senagatynda ulanmak, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa antibakterial sabyn öndürmek boýunça taslamalary teklip etdiler.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň beýleki agzalarynyň-da interaktiw usulda robot tehnikasy, himiýa, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, kompýuter tehnologiýalary, innowasion tehnologiýar we ş.m. ugurlar boýunça taýýarlan taslamalary-da köp dürliligi bilen tapawutlanýar. Topara himiýa mugallymlary Parahat Şöwhedow bilen Toýly Gurbanow ýolbaşçylyk etdiler, olaryň goldawy bilen toparymyz ýokary netje—17 medal gazandy!